PEÝDALY MASLAHAT

Fiziki we ýuridik şahslary salgyt töleýjiler hökmünde hasaba goýmak

Fiziki we ýuridik şahslary salgyt töleýjiler hökmünde hasaba goýmakboýunça Gözükdiriji tassyklanyldy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 321-Ö belgili buýrugy bilen Fiziki we ýuridik şahslary salgyt töleýjiler hökmünde hasaba goýmakboýunça Gözükdiriji tassyklanyldy.  Gözükdiriji Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlary we beýleki hökmany tölegleri töleýjileri – fiziki we ýuridik şahslary (mundan beýläk – salgyt töleýjiler) Türkmenistanyň salgyt edaralary tarapyndan salgyt töleýjiler hökmünde hasaba goýmagyň tertibini kesgitleýär.

Bu Gözükdiriji  “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 24-28-nji hem-de 144-nji maddalarynyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna şeýle hem, “Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 7-nji iýulynda çykaran 285-nji kararynyň ikinji bölegine we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda çykaran PP-191-nji Permanynyň birinji bölegine laýyklykda kabul edildi.

Şu Gözükdirijiniň tassyklanylmagy baradaky Buýruk bilen şular güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi:

1) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2006-njy ýylyň 17-nji fewralynda 371 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Salgyt töleýjiler hökmünde şahsy taraplary we edara görnüşli taraplary hasaba goýmak hakynda Usuly görkezmeleri tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň 2006-njy ýylyň 15-nji fewralynda çykaran 8-Ö belgili buýrugy;

2) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2010-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda 538 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň 2006-njy ýylyň 15-nji fewralyndaky O8-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Salgyt töleýjiler hökmünde şahsy taraplary we edara görnüşli taraplary hasaba goýmak hakynda Usuly görkezmelere” üýtgetmeleri we goşmaçalary tassyklamak barada” Türkmenistanyň Bas döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň 2010-njy ýylyň 16-njy awgustynda çykaran 34-Ö belgili buýrugyn.

Buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda 1409 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

 

Fiziki we ýuridik şahslary salgyt töleýjiler

hökmünde hasaba goýmak boýunça Gözükdiriji

I bap. Umumy düzgünler

  1. Şu Fiziki we ýuridik şahslary salgyt töleýjiler hökmünde hasaba goýmak boýunça Gözükdiriji (mundan beýläk – Gözükdiriji) “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň (mundan beýläk – bitewi Kanun) 24 – 28-nji we 144-nji maddalarynyň, “Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 7-nji iýulynda çykaran 285-nji kararynyň ikinji bölegine we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda çykaran PP-191-nji Permanynyň birinji bölegine hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
  2. Şu Gözükdiriji Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlary we beýleki hökmany tölegleri töleýjileri – fiziki we ýuridik şahslary (mundan beýläk – salgyt töleýjiler) Türkmenistanyň salgyt edaralary tarapyndan salgyt töleýjiler hökmünde hasaba goýmagyň tertibini kesgitleýär.

II bap. Salgyt töleýjiler hökmünde hasaba goýmaklyga degişli taraplar

  1. Şular salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmaklyga degişli:

1)        Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet belligine alnan fiziki şahslar – hususy telekeçiler;

2)        Türkmenistanyň dahyllylary bolan ýuridik şahslar;

3) Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahslar haçan-da:

  1. a) olar Türkmenistanyň çäklerinde öz işlerini şahamçalarynyň we wekilhanalarynyň üsti bilen amala aşyranlarynda;
  2. b) olaryň işi Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik wekilhananyň döredilmegine getirende;

ç) hemişelik wekilhanany döretmeklige getirmeýän işleri amala aşyrmakdan olar, Türkmenistanyň çeşmelerinden girdeji alsalar ýa-da Türkmenistanyň çäklerinde salgyt salynýan amallary amala aşyrsalar, ýöne salgyt ýumuşçysy tarapyndan salgytlary hasaplamaklyk we tutup alyp galmaklyk mümkin bolmadyk halatynda ýa-da hiç bir tarapy salgyt ýumuşçysy hökmünde ykrar edip bolmadyk ýagdaýynda;

  1. d) olaryň Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik iş ýerleri bar bolan we onuň hemişelik wekilhanany döredýändigine ýa-da döretmeýändigine bagly bolmazdan onuň üsti bilen ýuridik şahslar telekeçilik işlerini doly ýa-da bölekleýin amala aşyrsalar;
  2. e) olaryň işi hemişelik wekilhananyň döredilmegine getirmese, ýöne olaryň Türkmenistanyň çäklerinde Türkmenistanda salgyt salynmagyň binýady bolup duran gozgalmaýan emläkleriniň bolan ýagdaýynda.
  3. Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak boýunça talaplar daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna, halkara guramalarynyň wekilhanalaryna hem degişlidir. Hasaba goýmak maksady bilen olar Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahslar hökmünde garalýarlar.
  4. Göterimler, düşewüntler we beýleki şeýle girdejiler görnüşinde Türkmenistanyň çeşmelerinden girdejiler babatynda ýuridik şahsyň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgydy, şeýle hem bitewi Kanuna laýyklykda salgyt ýumuşçylary tarapyndan salgytlary hasaplamak we tölemek amallary boýunça goşulan baha üçin salgydy töleýjiler diýlip ykrar edilýän Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahslar salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişli däl. Eger salgyt ýumuşçysy tarapyndan goşulan baha üçin salgydy hasaplamak we tutup almak mümkin bolmadyk halatlarynda ýa-da hiç bir tarap salgyt ýumuşçysy hökmünde ykrar edilip bilinmese, bu daşary ýurtly ýuridik şahs (ýa-da daşary ýurtly fiziki şahs – hususy telekeçi) degişli salgyt edaralarynda salgyt töleýji hökmünde hasaba durmalydyr we salgydy tölemek boýunça borçlary özbaşdak ýerine ýetirmelidir.
  5. Şu Gözükdirijiniň üçünji böleginiň 1-nji bendinde görkezilmedik zähmet ylalaşygy ýa-da raýat-hukuk häsiýetli şertnama boýunça işleýän fiziki şahslar (şol sanda daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar), bitewi Kanunyň 19-njy we 195-nji maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda salgyt ýumuşçysy bolup durýan iş berijiniň üsti bilen salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaklyga degişlidirler.
  6. Şu Gözükdirijiniň altynjy böleginde görkezilen fiziki şahslary salgyt hasabyna goýmaklyk iş beriji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan amala aşyrylýar, haçan-da iş berijiler hökmünde şu aşakdakylar çykyş edende:

1) Türkmenistanyň dahyllysy bolan ýuridik şahslar;

2) Türkmenistanyň çäklerinde öz işini şahamçanyň, wekilhananyň ýa-da hemişelik wekilhananyň üsti bilen amala aşyrýan Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahslar (zähmet ylalaşyklary ýa-da raýat-hukuk häsiýetli şertnamalary şahamçanyň ýa-da wekilhananyň üsti bilen baglaşylan fiziki şahslar babatynda);

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan hususy telekeçiler.

  1. Haçan-da şu Gözükdirijiniň ýedinji böleginde görkezilmedik taraplar iş berijiler hökmünde çykyş etseler, şeýle fiziki şahslary hasaba goýmak olar tarapyndan özbaşdak amala aşyrylýar.
  2. Fiziki şahs – hususy telekeçilere degişli bolmadyk, şeýle hem zähmet ylalaşygy ýa-da raýat-hukuk häsiýetli şertnama boýunça işlemeýän gaýry fiziki şahslar (şol sanda daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar), eger Bitewi kanunda başga ýagdaý görkezilmedik bolsa, salgyt tölemek üçin bitewi Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlar bolan halatynda, salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişlidirler. Şeýle taraplary (şol sanda hünär hyzmatlaryny amala aşyrýan fiziki şahslar) hasaba goýmaklyk olar tarapyndan özbaşdak amala aşyrylýar.

Salgyt tölemek üçin bitewi Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlar şeýle taraplaryň salgyt töleýjiler diýlip ykrar edilmegi bolup durýar.

Diňe döwlet we gümrük paçlaryny tölemek babatynda töleýjiler diýlip ykrar edilýän fiziki şahslar salgyt töleýjiler hökmünde hasaba goýulmaga degişli däldirler.

Şeýle-de, göterimler, düşewüntler, awtorlyk hukuklaryndan we beýleki girdejiler görnüşindäki Türkmenistandaky çeşmelerden alynýan girdejiler, ýagny bular boýunça tölenmeli salgytlar salgyt ýumuşçylary tarapyndan hasaplanylýan we tölenilýän girdejiler babatynda salgyt töleýji diýip ykrar edilýän fiziki şahslar – daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar hem salgyt hasabyna goýulmaga degişli däl.

Salgyt ýumuşçysy tarapyndan goşulan baha üçin salgydy hasaplamak we tutup almak mümkin bolmadyk halatynda, daşary ýurt fiziki şahsy – hususy telekeçi degişli salgyt edarasynda salgyt töleýji hökmünde hasaba durmaga borçludyr.

  1. Şu Gözükdirijiniň üçünji-dokuzynjy bölekleriniň düzgünlerine bagly bolmazdan, şerekete gatnaşyjylar salgyt töleýji hökmünde aýratynlykda hasaba goýulmaga degişlidirler. “Şereket” diýen adalgasy Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenilen aňlatmada ulanylýar.

III bap. Salgyt töleýjiler hökmünde hasaba goýmaklygy amala aşyrýan salgyt edaralary

  1. Fiziki şahs – hususy telekeçi (mundan beýläk – hususy telekeçi) ýaşaýan ýeri ýa-da Türkmenistanyň çäklerinde harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek ýa-da hyzmatlary etmek amala aşyrylýan hemişelik iş ýeri boýunça salgyt edarasynda hasaba goýulmaga degişlidir.

Hususy telekeçiniň öz işini doly ýa-da bölekleýin amala aşyrýan iş ýeri Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik iş ýeri diýlip hasaplanylýar hem-de bitewi Kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahsyň hemişelik wekilhanasyny kesgitlemek boýunça düzgünler ulanylyp kesgitlenilýär.

  1. Daşary ýurt raýatlary hem-de raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan ýeri ýa-da iş amala aşyrylýan ýeri boýunça salgyt edarasynda salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişlidirler.
  2. Salgyt ýumuşçysy özünde zähmet ylalaşygy ýa-da raýat-hukuk häsiýetli şertnama boýunça işleýän, salgyt töleýji hökmünde hasapda durmaýan fiziki şahslary salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak üçin Zähmet ylalaşyklary (şertnamalary) ýa-da raýat-hukuk häsiýetli şertnamalary baglaşan fiziki şahslary salgyt töleýjiler hökmünde hasaba goýmak barada arzany (şu Gözükdirijä 1-nji goşundy) hem-de olar baradaky maglumaty:

1) ýaşaýan ýeri boýunça – Türkmenistanyň raýatlary üçin salgyt töleýji hakynda maglumaty (şu Gözükdirijä 1-nji A goşundy);

2) salgyt babatda salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlan ýeri boýunça – daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin salgyt töleýji hakynda maglumaty (şu Gözükdirijä 1-nji B goşundy) salgyt edaralaryna iki nusgada bermäge borçludyr.

Ýokarda görkezilen goşundylardaky, şeýle hem şu Gözükdiriji bilen bellenilen beýleki goşundylardaky ähli sütünler basma harplar bilen doldurylýar. Arza doldurylanda düzedişlere ýol berilmeýär.

  1. Şu Gözükdirijiniň sekizinji we dokuzynjy böleklerinde görkezilen fiziki şahslar Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan ýerleri ýa-da öz işini amala aşyrýan ýerleri boýunça salgyt edarasynda salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişlidirler.
  2. Türkmenistanyň dahyllysy bolan ýuridik şahs öz edarasynyň ýerleşýän ýeri boýunça salgyt edarasynda salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişlidir.
  3. Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahs şu aşakda görkezilen ýerler boýunça salgyt edarasynda salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişlidir:

1) onuň şahamçasynyň, wekilhanasynyň ýerleşýän ýeri boýunça;

2) iş ýeri boýunça, haçan-da ýuridik şahsyň şular ýaly işi Türkmenistanyň çäginde hemişelik wekilhanananyň döremegine getirýän bolsa ýa-da gozgalmaýan emlägiň bar bolan ýagdaýyndan başga, şu Gözükdirijiniň üçünji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen ýagdaýlar bar bolanda;

3) Türkmenistanda salgyt salmagyň binýady bolup durýan gozgalmaýan emlägiň Türkmenistanyň çäginde ýerleşen ýeri boýunça – haçanda ýuridik şahsyň işi Türkmenistanyň çäginde hemişelik wekilhanany döretmäge getirmedik halatynda.

Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahs şu bölegiň 1-nji, 2-nji, 3-nji bentlerinde görkezilen esaslar boýunça aýry-aýry salgyt edaralarynda salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişli bolan halatynda, ol öz isleýän ýeri boýunça salgyt edarasynyň diňe birinde hasaba durmalydyr. Şonuň ýaly Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahs salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak hakynda arzasynda ýokarda görkezilen esaslaryň barlygyny görkezmelidir. Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahs salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlandan soň, görkezilen esaslar boýunça salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişli bolan salgyt edarasy tarapyndan ähli beýleki edaralaryna bu barada Salgyt hasabyna goýlandygy hakynda Habarnama arkaly (şu Gözükdirijä 2-nji goşundy) habar berilýär.

  1. Şereket degişlilikde ýerleşýän ýeri, iş alyp barýan ýeri ýa-da şerekete gatnaşyjylaryň biriniň Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan ýeri boýunça salgyt edarasynda salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişlidir. Şunda şeýle gatnaşyjyny saýlap almak hukugy şerekete gatnaşyjylara degişlidir.
  2. Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişli tarapda salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulýan ýeri kesgitlemek bilen kynçylyklar ýüze çykan halatynda, onuň beren maglumatlarynyň esasynda çözgüt salgyt edarasy tarapyndan kabul edilýär.

IV bap. Salgyt töleýjiler hökmünde hasaba goýmagyň tertibi we möhleti

  1. Hususy telekeçi hökmünde telekeçilik işi bilen meşgullanmaga isleg bildiren (we ozal salgyt töleýji hökmünde salgyt edarasynda hasaba alynmadyk) fiziki şahsy salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak onuň salgyt edarasynda iki nusgada berilýän Fiziki şahslary salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak hakynda (salgyt hasaby üçin zerur maglumatlaryň üýtgemegi hakynda) arzasy (şu Gözükdirijä 3-nji goşundy) esasynda amala aşyrylýar.

Şeýle tarap arza bilen bir wagtda şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň we ýaşaýan ýeri boýunça bellige alnandygyny tassyklaýan resminamalary nusgasyny berýär.

Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak şeýle tarap hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandan soň amala aşyrylýar.

Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak hakynda arza fiziki şahs-hususy telekeçi döwlet tarapyndan bellige alnandan soň, 10 (on) günüň dowamynda berilýär.

  1. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar (şu Gözükdirijiniň ýigrimi birinji bölegine laýyklykda hasaba goýulmaga degişli bolan taraplardan başga) salgyt ýylynda Türkmenistanyň çäginde jemi 183 günden ybarat döwrüň ýa-da döwürleriň dowamynda bolan halatlarynda, görkezilen möhlet tamamlanan gününden başlap, 10 (on) günden gijä galman, salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak hakynda arza bilen ýüz tutmaga borçludyrlar.

Şeýle taraplar şu Gözükdirijiniň 3-nji goşundysyna laýyklykdaky arza bilen bir wagtda pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň nusgasyny berýärler.

  1. Zähmet ylalaşygy we (ýa-da) raýat – hukuk häsiýetli şertnamalar boýunça işleýän (we ozal salgyt töleýji hökmünde salgyt edarasynda hasaba goýulmadyk) fiziki şahslar babatynda şu Gözükdirijiniň ýedinji böleginde görkezilen iş berijiler şeýle taraplar bilen degişli şertnamalar baglaşylan gününden başlap, 10 (on) günden gijä galman, olary salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak hakynda arza bilen ýüz tutmaga borçludyrlar.
  2. Şu Gözükdirijiniň sekizinji böleginde görkezilen (we ozal salgyt töleýji hökmünde salgyt edarasynda hasaba goýulmadyk) fiziki şahslar şu Gözükdirijiniň ýedinji böleginde görkezilmedik iş berijiler bilen zähmet ylalaşygy we (ýa-da) raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar baglaşylan gününden başlap, 10 (on) günden gijä galman, salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak hakynda arza bilen ýüz tutmaga borçludyrlar.

Şeýle fiziki şahslar şu Gözükdirijiniň 3-nji goşundysyna laýyklykdaky arza bilen bir wagtda öz şahsyýetini tassyklaýan we ýaşaýan ýeri boýunça bellige alnandygyny tassyklaýan resminamalary berýär.

  1. Şu Gözükdirijiniň dokuzynjy böleginde görkezilen (we ozal salgyt töleýji hökmünde salgyt edaralarynda hasaba goýulmadyk) fiziki şahslar salgyt tölemek üçin Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar başlanan gününden 10 (on) günden gijä galman, salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak hakynda arza bilen ýüz tutmaga borçludyrlar.

Şu Gözükdirijiniň 3-nji goşundysyna laýyklykdaky arza bilen bir wagtda öz şahsyýetini şahsyýetini tassyklaýan we ýaşaýan ýeri boýunça bellige alnandygyny tassyklaýan resminamalary berýär.

  1. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmak maksady bilen şeýle fiziki şahslaryň Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan ýeri boýunça bellige alnandygyny tassyklaýan resminamanyň nusgasyny hem bermelidirler.
  2. Türkmenistanyň dahyllysy bolan ýuridik şahslary salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak olaryň döwlet tarapyndan bellige alnan gününden 10 (on) günden gijä galman, salgyt edarasyna 2 nusgada berlen Ýuridik şahslary salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak (salgyt hasaby üçin zerur maglumatlaryň üýtgemegi) hakynda arzasynyň (şu Gözükdirijä 4-nji goşundy) esasynda amala aşyrylýar.

Arzanyň bir nusgasynda salgyt edarasy tarapyndan degişli ýazgy edilýär we ony ýuridik şahsyň wekiline gaýtaryp berýär. Arzanyň ikinji nusgasy salgyt edarasynda galýar.

Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak hakynda arza bilen bir wagtda şu aşakdakylar berilýär:

1) bellenilen tertipde tassyklanylan esaslandyryş resminamalarynyň nusgalary. Döwlet edaralary hasaba goýulmak üçin zerur bolan resminama hökmünde bellenen tertipde tassyklanylan olar hakyndaky düzgünnamanyň nusgasyny berýärler. Şunda döwlete degişli edaranyň ygtyýarlyklaryny belleýän düzgünnamanyň nusgasy Türkmenistanyň degişli kanunynyň talaplaryna laýyklyda resmi şaýatlyk edilmelidir;

2)  statistik hasaba alyş kartoçkasynyň nusgasy;

3) degişli halatlarda ýuridik şahs haýsy hem bolsa bir tarapa wekilçilik wezipesiniň berlendigine şaýatlyk edýän resminamanyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy;

4) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak bölümi (mundan beýläk –Döwlet tarapyndan bellige almak bölümi) tarapyndan berilýän Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan wagtlaýyn göçürmesiniň (mundan beýläk-wagtlaýyn göçürme) asyl nusgasy we nusgasy.

Salgyt edarasy wagtlaýyn göçürmäniň asyl nusgasynda ýuridik şahsyň salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak hakynda degişli ýazgyny edýär we ony bu ýuridik şahsa gaýtaryp berýär.

Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnama we Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan wagtlaýyn göçürmäni alandan soň olaryň nusgalary hem berlen pursadyndan başlap 10 (on)  gün möhletde salgyt edarasyna berilýär.

  1. Ýuridik şahsyň şahamçalary we wekilhanalary hem şu Tertibe laýyklykda salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulýar.

Şahamçalary we wekilhanalary salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak hakynda arza bilen bir wagtda şu aşakdakylar berilýär:

1) şahamça, wekilhana hakynda bellenilen tertipde tassyklanylan düzgünnamalaryň nusgasy;

2) şahamçany ýa-da wekilhanany döreden ýuridik şahsyň salgyt hasabyna goýlaýlandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy;

3) ýuridik şahsyň şahamçasynyň, wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy;

4) degişli halatlarda ýuridik şahs haýsy hem bolsa bir tarapa wekilçilik wezipesiniň berlendigine şaýatlyk edýän resminamanyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy;

5) statistik hasaba alyş kartoçkasynyň nusgasy.

Döwlet tarapyndan bellige almak bölümi tarapyndan berilýän Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan wagtlaýyn göçürmesiniň asyl nusgasy we nusgasy, ol şahamçanyň ýa-da wekilhananyň döwlet tarapyndan bellige alnandygyna şaýatlyk edýär.

  1. Ýuridik şahs üýtgedilip guralanda:

1) birnäçe ýuridik şahslar goşulmagy, birleşen görnüşinde – täze dörän ýuridik şahs salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişli bolýar, üýtgedilip guralan ýuridik şahslar bolsa, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylýar;

2) ýuridik şahslaryň biriniň ýa-da birnäçesiniň ýuridik şahsyň düzüminden bölünip aýrylmagy görnüşinde – täze dörän ýuridik şahs salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişli bolýar, üýtgedilip guralan ýuridik şahslar bolsa, Ýuridik şahslaryň salgyt sanawyndan çykarylmaýar hem-de olarda ozalky hususy salgyt belgisi galdyrylýar;

3) ýuridik şahs bölünen görnüşinde – täze dörän ýuridik şahslar salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişli bolýar; üýtgedilip guralan ýuridik şahs bolsa Ýuridik şahslaryň salgyt sanawyndan çykarylýar;

4) bir ýuridik şahs beýleki ýuridik şahsa goşulan görnüşinde – beýleki ýuridik şahsda ozalky hususy salgyt belgisi galdyrylýar, goşulan ýuridik şahs bolsa Ýuridik şahslaryň  salgyt sanawyndan çykarylýar;

5) guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgände ýuridik şahs üýtgedilen görnüşinde onuň ozalky hususy salgyt belgisi galdyrylýar.

  1. Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahs salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmak hakynda arza (şu Gözükdirijä 4-nji goşundy) bilen aşakda bellenen möhletlerde ýüz tutmaga borçludyr:

1) şahamçanyň, wekilhananyň Türkmenistanyň çäginde bellige alnan gününden, ýa-da haçan-da tarapyň alyp barýan işi Türkmenistanyň çäginde hemişelik wekilhanany döretmäge getiren gününden;

2) şu Gözükdirijiniň üçünji böleginiň 3-nji bendinde görkezilenlerden başga ýagdaýlar dörese, gozgalmaýan emlägi bar bolan degişliler muňa girmeýär;

3) haçan-da şeýle tarapyň gozgalmaýan emlägi Türkmenistanda salgyt salmagyň binýady bolup duran gününden – 10 (on)  günden gijä galman.

  1. Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahs salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmak hakynda arza bilen bir wagtda şu resminamalary berýär:

1) Döwlet söwda sanawyndan göçürme ýa-da onuň ýerleşýän ýeriniň ýurdunyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan, şeýle ýuridik şahsyň derejesini tassyklaýan, Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahsy bellige alan edara, bellige alyş belgisi, bellige alnan ýeri we senesi baradaky maglumaty öz içinde saklaýan gaýry resminama, salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak üçin resminamanyň berlen gününe çenli üç aýdan gijä galman berilmeli (resmi taýdan tassyklanylan terjimeli);

2) Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahsyň öz ýurdunda (guramanyň döredilen) salgyt töleýji hökmünde bellige alnandygy hakynda ygtyýarly (salgyt ýa-da başga ygytýarly) edaradan resmi tassyknamasy, onda salgyt töleýjiniň hususy salgyt belgisi ýa-da onuň kybapdaşy (resmi taýdan tassyklanylan terjimeli), şeýle hem şol resminamanyň hereket edýän möhleti görkezilmeli. Iki gezek salgyt salmaklygy aradan aýyrmak baradaky ylalaşyga (hakykatda onuň barlygyna) laýyklykdaky manyda şol resminama salgyt dahyllylygyny kepillendirip görkezmelidir. Onda daşary ýurt ygtyýarly (ýa-da oň ygtyýarly) edaranyň möhri (burçlyk möhri) we şol edaranyň ygtyýarly wezipeli adamyň goly goýulýar. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde  2020-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda 1403 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Resminamalary konsullyk taýdan kanunlaşdyrmagyň we resminamalardaky goluň we möhüriň hakykylygyna şaýatlyk etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň 2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 58-ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Resminamalary konsullyk taýdan kanunlaşdyrmagyň we resminamalardaky goluň we möhüriň hakykylygyna şaýatlyk etmegiň Tertibine laýyklykda resminamany konsullyk edaralarynda kanunlaşdyrmak talap edilmeýär. Şeýle resminamalar, ýagny, daşary ýurt döwletleriň çäklerinde bellige almak hakynda şahadatnama sertifikaty söwda sanawyndaky ýazgy we ş.m. daşary ýurt döwletiniň salgyt dahyllylygyna kepil geçýän resminama hökmünde seredilip bilinmez;

3) Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahsyň ygtyýarly edarasynyň Türkmenistanyň çäklerinde şahamçanyň ýa-da wekilhananyň döredilendigi hakynda çözgüdi (resmi taýdan tassyklanylan terjimesi bilen) – şahamçanyň we wekilhananyň Türkmenistanyň çäklerinde bellige alnan ýagdaýynda;

4) şahamçanyň ýa-da wekilhananyň Türkmenistanyň çäklerinde bellige alnan halatynda, Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahsyň şahamçanyň, wekilhananyň ýolbaşçysyna beren ynanç haty (resmi taýdan tassyklanylan terjimesi bilen);

5) şahamçanyň ýa-da wekilhananyň Türkmenistanyň çäklerinde bellige alnan halatynda, şahamçalar we wekilhanalar hakynda düzgünnamalar, şeýle hem şahamçanyň we wekilhananyň ýolbaşçylaryna beren ynanç hatlary (resmi taýdan tasyklanylan terjimesi bilen);

6) Türkmenistanda salgyt salmagyň binýady bolup duran gozgalmaýan emlägiň Türkmenistanyň çäginde ýerleşmegi esasynda hasaba goýmak boýunça talabyň ýerine ýetirilen halatynda – Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşen gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugyna (bellenilen ýagdaýlarda bolsa – lizing şertnamasy) güwä geçýän bellenilen tertipde tassyklanylan resminamalaryň nusgasy;

7) şahamçanyň ýa-da wekilhananyň Türkmenistanyň çäklerinde bellige alnan halatynda, statistik hasaba alyş kartoçkasynyň nusgasy;

8) şahamçanyň ýa-da wekilhananyň Türkmenistanyň çäklerinde bellige alnan halatynda, Döwlet tarapyndan bellige almak bölümi tarapyndan berilýän  Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan wagtlaýyn göçürmesi. Göçürme bilen bir wagtda göçürmäniň asyl nusgasy hem berilýär.

Salgyt edarasy berlen wagtlaýyn göçürmäniň asyl nusgasynda ýuridik şahsyň hasaba goýlandygy hakynda degişli ýazgyny girizýär, soňra ol ýuridik şahsa gaýtarylyp berilýär.

Ýuridik şahs döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamany we Ýuridik şahslary ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäni alandan soň, olaryň göçürmeleri berlen senesinden başlap 10 (on)  günüň dowamynda salgyt edarasyna berýär.

  1. Haçan-da Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahsyň telekeçilik işi ygtyýarly tarapyň (fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs) üsti bilen amala aşyrylanda hem-de hemişelik wekilhananyň döremegine getirende ýa-da Gözükdirijiniň üçünji böleginiň 3-nji bendinde görkezilenlerden başga ýagdaýlar bar bolsa, şu Gözükdirijiniň ýigrimi dokuzynjy böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen resminamalar bilen bilelikde şeýle tarapa wekilçilik etmäge hukuk berlendigine güwä geçýän bellenilen tertipde tassyklanylan resminamalaryň nusgasy berilýär.
  2. Söwda sanawyndan göçürme ýa-da onuň ýerleşýän ýeriniň ýurdunyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan, şeýle Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahsyň derejesine güwä geçýän gaýry resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda 1403 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Resminamalary konsullyk taýdan kanunlaşdyrmagyň we resminamalardaky goluň we möhüriň hakykylygyna şaýatlyk etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň 2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 58-ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Resminamalary konsullyk taýdan kanunlaşdyrmagyň we resminamalardaky goluň we möhüriň hakykylygyna şaýatlyk etmegiň Tertibine laýyklykda diplomatik wekilhanalarda hem-de Türkmenistanyň konsullyk edaralarynda kanunylaşdyrylmalydyr. Eger şeýle ýagdaý ýuridik şahsyň dahyllysy bolup duran ýurdy bilen baglaşylan Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan we ylalaşyklaryndan gelip çykýan bolsa, şeýle kanunylaşdyrylma talap edilmeýär.
  3. Eger Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahs eýýäm salgyt edarasynda salgyt töleýji hökmünde hasapda duran bolsa, beýleki salgyt edarasynyň gözegçilik edýän çäginde onuň täze şahamçasy ýa-da wekilhanasy açylan halatynda, olary salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak hakynda arza bilen bir wagtda ol şu resminamalary bermelidir:

1) Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahsyň ygtyýarly edarasynyň Türkmenistanyň çäklerinde täze şahamçany ýa-da wekilhanany açmak hakyndaky çözgüdi (resmi taýdan tassyklanylan terjime bilen);

2) Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahsyň şahamçanyň, wekilhananyň ýolbaşçysyna berlen ynanç haty (resmi taýdan tassyklanylan terjime bilen);

3) Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahsyň ozal bellige alan ýeri boýunça salgyt edarasy tarapyndan berlen bellenilen tertipde tassyklanylan şahadatnamanyň göçürmesi.

  1. Daşary ýurt diplomatik wekilhanalar we konsullyk edaralar, Türkmenistandaky halkara guramalaryň wekilhanalary salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmak üçin arza bilen bir wagtda olaryň Türkmenistandaky hukuk derejesine güwä geçýän we kesgitleýän resminamalary berýärler.
  2. Şereketiň adyndan salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak (salgyt hasaby üçin zerur maglumatlaryň üýtgemegi) hakynda arza (şu Gözükdirijä 5-nji goşundy) Türkmenistanyň çäginde işi alyp barýan we bilelikdäki işiň beýleki gatnaşyjylary tarapyndan şol maksat üçin saýlanylan şereketiň gatnaşyjysy tarapyndan salgyt edarasyna iki nusgada berilýär.

Şeýle şereketi salgyt töleýji hökmünde salgyt hasabyna goýmak bilelikdäki işiň gatnaşyjylarynyň salgyt töleýjileri hökmünde hasaba goýmak boýunça şu Gözükdiriji bilen bellenilen beýleki talaplara bagly bolmazdan amala aşyrylýar.

Arza bilelikdäki iş baradaky şertnama baglaşylan gününden başlap, 10 (on)  günden gijä galman berilýär. Şereketiň gatnaşyjylary tarapyndan salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak hakynda arza bilen bir wagtda aşakdaky resminamalaryň asyl nusgasy hem-de bellenilen tertipde güwä geçilen nusgalary berilýär:

1) bilelikdäki iş baradaky şertnama;

2) eger şeýle ygtyýarlyklar şertnama bilen berilmedik halatynda, üstüne şeýle şereketiň işini amala aşyrmak ýüklenilen şereketiň gatnaşyjysyna berlen ynanç haty;

3) bilelikdäki iş baradaky şertnama gatnaşyjy taraplaryň (şu Gözükdirijiniň düzgünlerine laýyklykda salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişli bolan taraplary) salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamalar.

Arzanyň bir nusgasynda salgyt edarasy tarapyndan degişli ýazgy edilýär we ony ýuridik şahsyň wekiline gaýtaryp berýär. Arzanyň ikinji nusgasy salgyt edarasynda galýar.

  1. Salgyt töleýjiniň ygtyýarly wekili salgyt töleýjini hasaba goýmak üçin zerur resminamalary berende şahsyýetine hem-de hasaba goýmak meseleleri boýunça salgyt töleýjä wekilçilik etmek ygtyýarlygyna güwä geçýän resminamalary hem berýär.
  2. Salgyt töleýji hökmünde salgyt hasabyna goýmak (hasapdan çykarmak) hakynda arza gol çekmek hukugyna:

1) ýuridik şahsyň ýolbaşçysy;

2) ýuridik şahsyň şahamçasynyň ýa-da wekilhanasynyň ýolbaşçysy (ýuridik şahsdan oňa berlen ynanç hatynda görkezilen ygtyýarlyklaryň çäginde);

3) Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahsyň adyndan hereketleri amala aşyrmaga ygtyýarly şahs;

4) şertnama ýa-da ynanç haty bilen muňa ygtyýarly edilen, bilelikdäki iş (şereket) hakyndaky şertnamanyň gatnaşyjysynyň biri eýedir.

  1. Salgyt bölümi fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryny we hasaba goýlandygy (salgyt hasaby üçin zerur maglumatlaryň üýtgemegi, hasapdan çykarylmagy, ýiteniň ýerine berilmegi) hakynda berlen şahadatnamalary hasaba alyş kitabynda (şu Gözükdirijä 6-njy, 7-nji goşundylar) olaryň berlen güni hasaba almaga borçludyr. Fiziki şahsyň salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlandygy hakynda (şu Gözükdirijä 8-nji goşundy), Ýuridik şahsyň salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlandygy hakynda (şu Gözükdirijä 9-njy goşundy) we Wagtlaýyn hasaba goýlandygy hakynda (şu Gözükdirijä 10-njy goşundy) şahadatnamalary bermek görkezilen şahslar tarapyndan zerur resminamalaryň berlen gününden başlap, 3 (üç) günüň dowamynda amala aşyrylýar.

Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak hem Döwlet tarapyndan bellige almak bölümi tarapyndan berilýän Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan wagtlaýyn göçürmede (ýuridik şahslar üçin) salgyt edarasynyň belligi bilen görkezilen şahslar tarapyndan ähli zerur resminamalaryň berlen gününden başlap, 3 (üç) günüň dowamynda tassyklanylýar.

Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlan ýeri boýunça salgyt edarasynyň işgäri ähli berlen resminamalary barlandan soň, salgyt töleýjileriň arzalaryny we salgyt hasabyna goýlandygy barada berlen şahadatnamalary hasaba alyş kitabyna we Döwlet salgyt sanawyna şahsyň hasaba alnandygy hem-de oňa hususy salgyt belgisiniň berlendigi barada (şu Gözükdirijiniň V babynda bellenilen tertibe laýyklykda) ýazgy girizýär.

Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlandygy we hususy salgyt belgisiniň berlendigi hakynda şahadatnama salgyt töleýjileriň arzalaryny we salgyt hasabyna goýlandygy barada berlen şahadatnamalary hasaba alyş kitabyna gol çekmek bilen salgyt töleýjä (onuň wekiline) berilýär.

Arzaçy salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak üçin talap edilýän resminamalaryň hemmesini bermedik ýa-da resminamalary göwnejaý taýýarlamadyk halatynda, ol resminamalaryň gowşan gününden başlap, 3 (üç) günüň dowamynda salgyt edarasy tarapyndan bu barada habarly edilmelidir.

Salgyt edarasy tarapyndan salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak üçin şu Gözükdirijide göz öňünde tutulmadyk goşmaça resminamalaryň talap edilmegine ýol berilmeýär.

  1. Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlandygy hakynda şahadatnama ýiten, ýa-da zaýalanan halatynda, salgyt töleýjä onuň hasaba goýlan ýeri boýunça salgyt edarasyna berilýän ýazmaça arzasynyň esasynda, Şahadatnamanyň öwezligi berilýär, şeýle resminamanyň ýokarky sag burçunda ”Ýiteniň ýerine göçürme” ýa-da “Zaýalananyň ýerine göçürme”» ýazgysy goýulýar. Şunda zaýalanan Şahadatnama salgyt hasabyna goýlan ýeri boýunça salgyt edarasyna yzyna gaýtarylýar we salgyt töleýjiniň iş bukjasyna çatylýar.

Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürmesi hem salgyt töleýjä (onuň wekiline) salgyt töleýjiniň adynyň (adynyň, atasynyň adynyň, familiýasynyň), şeýle hem pasport maglumatlarynyň üýtgän ýagdaýynda ýa-da täze pasportyň berlen ýagdaýynda (fiziki şahslar üçin) berilýär. Şahadatnamanyň öwezliginde «Öňki berleniň ýerine göçürme» ýazgysy girizilýär.

Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürmesi fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryny we hasaba goýlandygy (salgyt hasaby üçin zerur maglumatlaryň üýtgemegi, hasapdan çykarylmagy, ýiteniň ýerine berilmegi) hakynda berlen şahadatnamalary hasaba alyş kitabynda gol çekmek bilen berilýär, şol kitapda göçürmäniň berlendigi hakynda degişli ýazgy edilýär.

  1. Eger-de fiziki ýa-da ýuridik şahs şu Gözükdirijide bellenilen möhletde salgyt töleýji hökmünde hasaba durmasa, oňa Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmak boýunça ýerine ýetirilmedik borç hakynda habarnama (şu Gözükdirijä 11-nji goşundy) iberilýär.
  2. Hususy salgyt belgisi berlen fiziki ýa-da ýuridik şahs baradaky maglumatlar gyzyklanýan şahslara bellenen tertipde bellenilýär.
  3. Salgyt töleýji hasaba goýulmak üçin talap edilýän maglumatlaryň (şu Gözükdirijä 3-nji, 4-nji we 5-nji goşundylar) üýtgänligi barada üýtgetmeler hasaba alnan gününden başlap, 10 (on) günüň dowamynda salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlan ýeri boýunça salgyt edarasyny habarly etmelidir.
  4. Ýuridik şahs ýatyrylan halatynda, şol sanda batan ýa-da üýtgedilip guralan diýlip yglan edilende (şu Gözükdirijiniň ýigrimi ýedinji bölegindäki düzgünleri hasaba almak bilen), şahamçany ýa-da wekilhanany ýatyrmak, hemişelik wekilhananyň üsti bilen iş alyp barmagy bes etmek barada çözgüt kabul edilende (daşary ýurt ýuridik şahslar üçin), Türkmenistanda salgyt salynýan binýat bolup durýan gozgalmaýan emläk babatynda daşary ýurt ýuridik şahsy salgyt töleýji diýip ykrar etmek üçin esasyň ýiten halatynda, şeýle tarap degişli çözgüt kabul edilen gününden başlap, 10 (on) günden gijä galman, Ýuridik şahsy hasapdan çykarmak barada arzany (şu Gözükdirijä 12-nji goşundy) 2 nusgada salgyt töleýji hökmünde hasapda duran ýeri boýunça salgyt edarasyna bermäge borçludyr.

Arzanyň bir nusgasynda salgyt edarasy tarapyndan degişli ýazgy edilýär we ony ýuridik şahsyň wekiline gaýtaryp berýär. Arzanyň ikinji  nusgasy salgyt edarasynda galýar.

Bilelikdäki işi amala aşyrmak bes edilende Bilelikdäki işi (şereketi) amala aşyrýan taraplary hasapdan çykarmak hakynda arza (şu Gözükdirijä 13-nji goşundy) berilýär.

Döwlet tarapyndan bellige almak bölüminiň degişli resminamalary (ýapmak ýa-da işi bes etmek şol bölüm tarapyndan bellige alynmaly bolan ýagdaýynda) arza goşulýar, jemgyýetçilik guramalary boýunça Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan berlen degişli resminamalary arza goşulýar.

Şunda Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahs hem Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşen gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugynyň ýa-da şol şahs salgyt töleýji diýlip ykrar edilen gaýry hukuklaryň bes edilmegi bilen baglylykda, salgyt töleýji hökmünde hasapdan çykarmak barada arza şeýle hukuk bes edilen gününden başlap, 10 (on) günüň dowamynda berilýär.

Salgyt töleýji ýokarda görkezilen ýagdaýlarda berlen arzasynyň esasynda hem-de Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlar we beýleki hökmäny tölegler boýunça bergisiniň bolmadyk ýagdaýynda hasapdan çykarylmaga degişlidir.

Salgyt töleýji hökmünde hasapdan çykarmak salgyt töleýji tarapyndan degişli arzanyň berlen gününden başlap, 3 (üç) günüň dowamynda amala aşyrylýar. Şol möhletiň içinde salgyt töleýjä Ýuridik şahsyň hasapdan çykarylandygy hakynda habarnama (şu Gözükdirijä 14-nji goşundy) iberilýär.

  1. Salgyt töleýjiniň Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän ýeriniň ýa-da ýaşaýan ýeriniň üýtgedilen ýagdaýynda hem-de Türkmenistanyň çäklerinde täze ýerleşýän ýeri ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça salgyt edarasyna salgyt töleýjiden degişli arzanyň gowuşmagyndan soň, şol salgyt edarasy onuň ozalky hasaba goýlan ýeri boýunça salgyt edarasyna sowalnama bilen ýüz tutýar. Şol sowalnamanyň esasynda salgyt töleýjiniň hasaba goýlan ozalky ýeri boýunça salgyt edarasy sowalnamanyň gowşan gününden başlap 10 (on) gün möhletiň içinde Türkmenistanyň çäklerinde täze ýerleşýän ýeri ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça salgyt edarasyna şol salgyt töleýjiniň işini elektron görnüşdäki ýazgylar bilen bilelikde berýär.

Salgyt töleýjiniň täze ýerleşýän ýeri ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça salgyt edarasy ony degişlilikde ýuridik şahslaryň sanawyna ýa-da fiziki şahslaryň sanawyna girizýär, salgyt töleýjiniň ozalky hasaba goýlan ýeri boýunça salgyt edarasy degişlilikde ýuridik şahslaryň sanawynda ýa-da fiziki şahslaryň sanawynda “täze ýerleşýän ýeri ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça salgyt edarasyna geçirilen” diýen ýazgy edilýär.

V bap. Döwlet salgyt sanawy

  1. Salgyt töleýjileri hasaba almagyň maglumatlarynyň esasynda şulardan ybarat Döwlet salgyt sanawy ýöredilýär:

1) fiziki şahslaryň sanawy;

2) ýuridik şahslaryň sanawy.

Döwlet salgyt sanawy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti tarapyndan ýöredilýär.

Döwlet salgyt sanawyndaky ýazgylar Aşgabat şäher we welaýat salgyt bölümleri tarapyndan etrap (şäher) salgyt bölümleriniň beren maglumatlaryň esasynda girizilýär.

Döwlet salgyt sanawyna ýazgylar görkezilen salgyt edaralaryndan maglumatlaryň alnan gününden soňky günden gijä galman girizilýär.

  1. Döwlet salgyt sanawyna wagtlaýyn hususy salgyt belgisi bolan salgyt töleýjileriň maglumatlary hem girizilýär.

VI bap. Salgyt töleýjiniň hususy salgyt belgisi

  1. Salgyt töleýjileriň her birine (eger-de ol salgyt töleýji hökmünde hasaba durmadyk bolsa salgyt ýumuşçysyna) hasaba goýmaklyk haýsy ýerde amala aşyrylandygyna garamazdan, salgyt hukuk gatnaşyklarynda ony tanamaga mümkinçilik berýän, salgytlaryň ähli görnüşleri boýunça hem-de Türkmenistanyň tutuş çäklerinde ýeke-täk bolan salgyt töleýjiniň hemişelik hususy salgyt belgisi berilýär.
  2. Salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) hasaplaşyk-töleg resminamalarynda, beýannamalarda, arzalarda we Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek üçin ulanylýan gaýry resminamalarda özüniň hususy salgyt belgisini görkezmelidir.

Salgyt töleýji salgyt ýumuşçysyna öz hususy salgyt belgisini habar etmäge borçludyr.

  1. Salgyt bölümi salgyt töleýjä iberýän ähli habarnamalarynda, hatlarynda we beýleki habarlarynda onuň hususy salgyt belgisini görkezýär.
  2. Wagtlaýyn hususy salgyt belgisi şerekete, şeýle hem gaýry zerur ýagdaýlarda berilýär.

VII bap. Salgyt edarasyna maglumatlary bermek boýunça döwlet edaralarynyň borçlary

  1. Ýuridik şahslary (olaryň aýrybaşgalanan düzüm birliklerini) döwlet belligine alýan edaralar bellige alnan (gaýtadan bellige alnan) ýa-da ýatyrylan (üýtgedilip guralan) ýuridik şahslaryň (olaryň aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň) bellige alnan (gaýtadan bellige alnan) ýa-da ýatyrylan (üýtgedilip gurlan) gününden başlap 10 (on) günden gijä galman ýerleşýän ýerleri boýunça salgyt edaralaryna habar bermäge borçludyrlar.
  2. Howandarlyk we hossarlyk, terbiýeçilik, saglygy goraýyş edaralary, ilaty durmuş taýdan goramak edaralary we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda howandarlygy, hossarlygy ýa-da hossarlyk edilýäniň emlägini dolandyrmagy belleýän we amala aşyrýan şunuň ýaly beýleki edaralar, fiziki şahslara, şol sanda kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýip ykrar edilen fiziki şahslara howandarlygyň bellenilendigi barada, kämillik ukyby ýok, beýleki kämillik ýaşyna ýetmedik fiziki şahslara, kazyýet tarapyndan kämillik ukyby çäklendirilen fiziki şahslara, penakärlik görnüşinde hossarlyk bellenilen kämillik ukyply fiziki şahslara, kazyýet tarapyndan dereksiz ýok bolan diýlip ykrar edilen fiziki şahslara hossarlyk edilendigi we olaryň emläklerini dolandyrmagyň ýola goýlandygy barada, şeýle hem görkezilen howandarlyk, hossarlyk ýa-da emlägi dolandyrmak bilen baglanyşykly soňky üýtgemeler barada şeýle çözgüt kabul edilen gününden başlap bäş günden gijä galman öz ýerleşýän ýerleri boýunça salgyt edarasyna habar bermäge borçludyrlar.
  3. Fiziki şahslary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga goýmaklygy, şol sanda daşary döwletleriň raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary bellige almaklygy, fiziki şahslary doglandygyny we merhum bolandygyny bellige almaklygy amala aşyrýan edaralar, fiziki şahslaryň ýaşaýan ýerleri boýunça ýazga goýlandygy we bellige alnandygy barada ýa-da merhum bolandygynyň bellige alnandygy barada, ýazga goýlan we bellige alnan aýyndan soňky aýyň 5-inden gijä galman öz ýerleşýän ýerleri boýunça salgyt edarasyna habar bermäge borçludyrlar.
  4. Şahadatnama, ygtyýarnama ýa-da ygtyýar beriji we bellige alyş häsiýetli resminamalary bermäge ygtyýarly edaralar şahadatnama, ygtyýarnama ýa-da ygtyýar beriji we bellige alyş häsiýetli beýleki resminama berlen (yzyna alnan ýa-da bes edilen) salgyt töleýjiler barada olaryň berlen (yzyna alnan ýa-da bes edilen) gününden başlap 10 (on) günüň dowamynda öz ýerleşýän ýerleri boýunça salgyt edaralaryna maglumat bermäge borçludyrlar.
  5. Notarial hereketlerini amala aşyrmaga ygtyýarly edaralar (guramalar) mirasa bolan hukugyň notarial taýdan tassyklanandygy hakynda öz ýerleşýän ýerleri boýunça salgyt edaralaryna, eger bitewi Kanunda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, notarial taýdan tassyklanan gününden başlap bäş günden gijä galman habar bermäge borçludyrlar.

VIII bap.  Hasaba goýulmakdan boýun gaçyrylmagy üçin jogapkärçilik

  1. Hasaba wagtynda goýulmak üçin jogapkärçilik salgyt töleýjileriň (wezipeli adamlaryň), şeýle hem bellenilen ýagdaýlarda salgyt ýumuşçysy diýlip hasaplanylýan adamlaryň (wezipeli adamlaryň) üstüne ýüklenilýär.
  2. Şu Gözükdirijiniň talaplarynyň bozulmagy üçin günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige çekilýärler.

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik