DÜNÝÄ

«Financial Timese» görä ýylyň adamy…

2019-njy ýyl tamamlanyp barýar, şonuň üçin dünýäniň meşhur neşirleri, guramalary ýylyň öňe çykaran aýratynlyklary barada dünýä jemgyýetçiligine habar berýärler. Ýakynda biz «Time» neşiriniň 16 ýaşly Greta Tunbergi «Ýylyň adamy» diýip yglan edendigini habar beripdik. «Financial Times» gazeti bolsa tehnologiýa bilen meşgullanýan işewürleriň arasynda «Microsoft» kompaniýasynyň baş direktory Satýa Nadellany «Ýylyň adamy» diýip yglan etdi.

Neşiriniň Žurnalistleriniň aýtmagyna görä, bu kararyň astynda ýatan sebäp kompaniýanyň bu şahsyýetiň tagallalarynyň netijesinde gaýtadan gülläp-ösmegidir. Nadellanyň kompaniýa ýolbaşçylyk edip gelýän alty ýylynyň dowamynda umumy girdeji 1 trillion dollardan geçdi.

«Financial Times» häzir 52 ýaşyny dolduran başarjaň ýolbaşçynyň kompaniýanyň başyna onuň iň güýçden gaçan döwründe gelendigini ýazyp, häzirki kuwwatlanyşda onuň aýratyn hyzmatlaryna ýokary baha berýär. Kompaniýa şol döwürler «Apple», «Google» ýaly kompaniýalar bilen bipeýda göreşe girişipdi. Nadellanyň ilkinji işi bolsa şeýle göreşleri aradan aýryp, has girdejili işlere baş goşmak boldy. 1 trillion dollarlyk girdejiniň çeşmesi hem şol tutumlar boldy.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistan we Koreýa özara syýahaty ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar

Ata Watan Eserleri

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi