SPORT

FIFA Türkmenistanda zehinleri ösdürmek taslamasyny durmuşa geçirmek isleýär

FIFA-nyň sebitleýin tehniki gözükdirijisi Gaýoz Darsadze (Gruziýa) 17-19-njy maý aralygynda Türkmenistanda iş sapary bilen boldy.

FIFA-nyň tehniki gözükdirijisi iki günlük iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylar düzümi hem-de TFF-niň Tehniki bölüminiň hünärmenleri bilen 2023-nji – 2026-njy ýyllaryň aralygyna niýetlenen Zehinleri ösdürmek taslamasyny ara alyp maslahatlaşdy. Mundan başga-da, FIFA-nyň wekili ýerli futbol hünärmenleri bilen golaý geljekde Türkmenistanda futboly ösdürmek babatynda hem gepleşikleri geçirdi.

Ýeri gelende bellesek, maksatnamanyň özeni ýerli futbol assosiasiýalarda hem-de federasiýalarda ýaş oýunçylary taýýarlap ýetişdirmek babatynda seljerme işlerini geçirmekden ybarat bolup durýar. Şol bir wagtda, FIFA-nyň hünärmenleriniň işläp düzen taslamasy her bir ýurduň milli mentalitetini göz öňünde tutup, onuň durmuşa geçirilmegini meýilleşdirilýär.

Related posts

Türkmen türgenleri Bursada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

“Aston Willa” Koutinýony satyn aldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly küştçi Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji boldy

Leave a Comment