SPORT

FIFA dünýä çempionatyna biletler üçin rekord 500 million ýüzlenme aldy

FIFA 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna biletler üçin bir aýlyk ýüz tutma döwründe 500 milliondan gowrak arzanyň kabul edilendigini habar berdi. Bu barada “The Athletic” neşiri habar berýär.

Halkara futbol federasiýasy dünýä çempionatynyň 104 oýnunyň her biri boýunça tötänleýin bije çekiş geçirer we saýlanan gatnaşyjylara fewral aýynda biletleri paýlar.

Bu ýagdaý FIFA-nyň geçen ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda eýýäm takmynan 2 million bilet satandygy we tutuş ýaryş üçin heniz 4–5 million töweregi bilet galandygy bilen baglanyşyklydyr.

Iň köp isleg bildirilýän oýunlar şulardan ybarat boldy: Kolumbiýa — Portugaliýa, Meksika — Koreýa Respublikasy, dünýä çempionatynyň finaly, Meksika — Günorta Afrika Respublikasy (dünýä çempionatynyň açylyş oýny), şeýle hem 2-nji iýulda Torontoda geçiriljek 1/16 final oýny.

Meşhur oýunlara biletleriň bahalarynyň fewral aýynda has-da ýokarlanyp biljekdigi çak edilýär. Hut şol wagt janköýerler öz ýüzlenmeleriniň kabul edilip-edilmändigini bilýärler we arzalary kanagatlandyrylman galan millionlarça adam bilet almagyň ýeke-täk ýolunyň gaýtadan satyn almakdygyna düşünýärler.

Halkara futbol federasiýasy bije çekişiň netijeleri barada janköýerleri 5-nji fewralda ýa-da ondan soň habarly edip başlar.

Futbol çempionaty 11-nji iýunda Meksiko şäherinde başlanar. ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň 16 şäherinde jemi 104 duşuşyk geçiriler.

Ozal habar berlişi ýaly, futbol boýunça dünýä çempionatynyň finaly ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynda geçiriler.

Ýene-de okaň

“Arkadag”- “Al-Nasr” duşuşygy: 500 sany meýletinçiler saýlanylyp alyndy

«Arkadag» topary Antaliýadaky ýygnanyşykda bolgar kluby bilen duşuşar

Maýkl Karrik “Mançester Ýunaýted” toparynyň tälimçisi boldy

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” toparynyň garşydaşy “Al-Nasr” 3 oýundan bäri ýeňilýär

Ata Watan Eserleri

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary baş tälimçisini täzeledi

Ronaldoly «Al-Nasryň» Aşgabada gelmegi dünýä metbugatynyň üns merkezinde