SPORT

Fernando Santos Polşanyň baş tälimçisi boldy

Katarda geçirilen dünýä çempionatyndan soňra Portugaliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesinden boşadylan Fernando Santos bu gezek Polşanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesine bellendi. Oňa Polşany 2024-nji ýyldaky Ýewropa boýunça futbol çempionatynyň final tapgyryna çykarmak wezipesi berildi.

Polşanyň futbol geňeşi Fernando Santosy baş tälimçi hökmünde tanyşdyrdy. Santos Portugaliýanyň ýygyndysy bilen Ýewropanyň çempiony boldy we Milletler ligasy ýaryşynda ýeňiji boldy.

Santon 8 ýyl Portugaliýanyň ýygyndysyna talim berdi. Ondan sozal “Porto”, “Sporting”, “Benfika” ýaly toparlara hem-de Gresiýanyň milli ýygyndysyna talim berdi.

Polşanyň 68 ýaşyndaky tälimçisi Çeslaw Mihnewiç wezipesinden boşadyldy.

Ýene-de okaň

“PSŽ” topary taryhynda ilkinji Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy

Arnold “Real Madrid” bilen şertnama baglaşdy

“Çelsi” topary UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Lamin Ýamal şertnamasyny uzaltdy

Messi we Suares öz futbol toparyny döretdiler

Ata Watan Eserleri

Ten Hag “Bayer” klubynyň baş tälimçisi boldy