Angliýanyň “Çelsi” topary düzümini güýçlendirmegi dowam edýär. London topary Portugaliýanyň ýaş futbolçylaryndan Žoau Feliksi ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparyndan kärendesine aldy.
Feliks kärendesine berilmezden ozal, ispan topary bilen şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy. Iňlis topary portugal futbolçy üçin 11 million ýewro töledi. Şeýle hem kärende döwründe Feliksiň 6 million ýewrolyk zähmet hakyny öz üstüne aldy.
Feliks şu möwsümde “Atletiko” toparynyň düzüminde 20 duşuşygynda 5 gol geçirdi. Şeýle hem Feliks Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen Katardaky dünýä çempionatynda 3 duşuşykda 1 gol geçirdi.
“Çelsi” topary şu möwsümde täze oýunçylar üçin 355,49 million ýewro sarp etdi. Bu beýleki toparlardan has köpdür.
Iňlis topary gyşky transfer döwründe 38 million ýewro Benua Badýaşwilini, 12,5 million ýewro Andre Santosy we 12 million ýewro Dawid Fofany satyn aldy.