JEMGYÝET

Fatih Dönmez: Hazaryň gündogary bilen günbataryny energetika taslamalary bilen birleşdirmek isleýäris

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan görnüşinde üçtaraplaýyn birinji döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde daşary işler, energetika we ulag ministrleriniň duşuşyklary geçirildi.

“Bagtyýar” myhmanhanasynda 3 doganlyk ýurduň energetika ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow, Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez hem-de Azerbaýjanyň Respublikasynyň energetika ministri Parwiz Şahbazow arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykdan soňra Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň topary bilen bir hatarda türkmen we türk metbugatynda beýanat berdi.

Ministr öz beýanatynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda örän peýdaly we netijeli duşuşyk geçirendiklerini mälim etdi.

– Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde energetika ministrleriniň duşuşygy boldy. Örän netijeli gepleşikler geçirdik. Ozaldan bäri Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasynda taryhy, medeni we ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz bar.

Bu hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe taslamalary durmuşa geçirdik. Häzirki wagtda Hazar deňziniň günbatary bilen gündogaryny energetika taslamalary bilen birleşdirmegi meýilleşdirýäris. Bu elektrik geçirijiler, nebitgaz geçirijileri we beýleki taslamalar bolup biler. Bu barada özara pikir alyşdyk. Taslamalar boýunça taraplaryň özara deň pikirdedigini hem bellemek isleýärin – diýip, ministr belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi