TEHNOLOGIÝA

“Facebook” müşderilerini ýitirýär

Dünýäniň iň meşhur jemgyýetçilik torlary bolan “Instagram” we “Facebook”, şeýle hem habarlaşmak platformy bolan “WhatsApp” hyzmatlarynda emele gelen näsazlyk onuň müşderileriniň azalmagyna getirdi.

“Telegram” -yň esaslandyryjysy Pawel Durow “Facebook” hyzmatlarynyň köpçülikleýin kesilmegi barada beýanat berdi.

bütin dünýäde 7 sagat töweregi “Facebook”, “WhatsApp” we “Instagram” -a girmek bilen baglanyşykly kynçylyklar ýüze çykdy. Meseläniň deslapky synlara görä programma üpjünçiliginiň täzelenmegindäki ýalňyşlyklar sebäpli ýüze çykandygy düşündirildi.

Durow bu barada “Telegram” hasabyndan beýanat berdi. “Düýn “Telegramda” ulanyjylaryň hasaba alynmagy we ulanyjy işjeňligi rekord derejede ýokarlandy. “Bir günde beýleki platformalardan 70 milliondan gowrak ulanyjyny mähirli garşy aldyk.” – diýip belledi.

 

6-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar