DÜNÝÄ

Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Türkmenistana geler

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçiriler. Bu barada “Mehr” habarlar gullugy habar berýär.

Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň utgaşdyryjy duşuşygy geçirildi. Oňa Eýranyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geler.

Bu utgaşdyryjy duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, gol çekilen ähtnamalar we ylalaşyklar barada hasabat berildi.

Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda mümkinçilikleri uludyr. Duşuşykda bellenilip geçilişio ýaly, Eýranyň Türkmenistana eksporty 741 müň tonna, pul möçberinde 321 million dollara deň boldy. Türkmenistanyň eksporty bolsa 122 müň tonna, pul möçberinde 243 million dollara barabar boldy.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ýük daşamalary, “ýaşyl” gümrük, demirýol, deňiz we howa gatnalary boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy.

Bu duşuşyga söwda ministriniň orunbasary Şahriýar Efendizideh, ykdysady diplomatiýa boýunça daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari, şeýle hem gümrük, Merkezi Bankyň, Söwda-senagat edarasynyň, erkin ykdysady zolaklaryň wekilleri gatnaşdy.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi

«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy