Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly bildiren çuňňur gynanjy, aýdan medet beriji sözleri we doga-dilegleri üçin goňşy döwletiň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi iki döwletiň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini görkezýär.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti merhumyň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirip, Türkmenistanyň halkyna bolsa medet beriji sözleri beýan etdi hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň käbesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi baradaky nurana ýatlamalaryň şu agyr pursatda güýç-kuwwat we teselli bermegini dileg etdi.
Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň umumy taryhy-medeni köklere, müňýyllyklara uzap gidýän däp-dessurlara daýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen dürli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeler esasynda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy bar bolan mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagy bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki döwletiň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine netijeli işleri alyp barmaga taýýardygyny belledi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, möhüm ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy mähriban käbesi Ogulabat ejäniň aradan çykmagy zerarly bildiren gynanjy we medet beriji sözleri üçin goňşy döwletiň Baştutanyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.