JEMGYÝET

Eýranyň milli baýramy Aşgabatda bellendi

Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli bu ýurduň Aşgabatdaky ilçihanasynda dabara guraldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales tarapyndan guralan dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan dabarasynda çykyş eden Eýranyň ilçisi Ynkylap gününiň 44 ýyllygy bilen gutlap, geçen döwürde Eýran Yslam Respublikasynyň gazanan üstünlikleri barada durup geçdi.

Eýranyň ähli ugurlarda syýasatda, ylymda-bilimde, aragatnaşykda we beýleki ugurlarda uly üstünlikleri gazanandygyny bellän ilçi Arbab Hales hususan-da, tehnologiýa we ylymda uly üstünlikleri gazanandyklaryny belledi. Eýranyň deňiz senagatynda hem uly ösüşleri gazanandygyny bellän ilçi öz ýurdunyň nebit import edýän ýurtdan eskport edýän ýurda öwrülendigini, häzirki wagtda nebitgaz pudagynda hem uly üstünlikeri gazanandygyny mälim etdi.

Merkezi Aziýa döwletleri bilen ähli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň Eýranyň häzirki 13-nji hökümetiniň esasy daşary syýasat ugry bolup durýandygyny bellän ilçi Türkmenistan bilen hem gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Ilçi geçen ýyl Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça 20-den gowrak ylalaşygyň gazanylandygyny belläp, “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilendigini, Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan ugry boýunça swop tebigy gaz alyş çalşygynyň ýola goýlandygy we beýleki taslamalaryň işe girizilendigini aýtdy.

Ilçi öňümizdäki hepde Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisiniň, Eýranyň Medeniýet günleri ýaly çäreleriň geçiriljekdigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Eýranyň halkyny milli baýramy bilen gutlady. Wise-premýer Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň her geçen ýyl has-da ösdürilýändigini belledi.

Dabarada myhmanlara hödür-kerem edildi.

Ýene-de okaň

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi