DÜNÝÄ

Eýranyň gümrük edarasynyň wekilleriniň Aşgabada iş sapary

2025-nji ýylyň 21-22-nji ýanwary aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Saparyň maksady 28.08.2024 senesinde gol çekilen Meýilnamany ýerine ýetirmekden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Wekiliýetiň iş sapary ikitaraplaýyn iş duşuşygyndan başlandy. Duşuşykda iki ýurduň Gümrük gulluklarynyň 2024-nji ýyldaky hyzmatdaşlygynyň netijeleri, Howdan-Bajgyran, Artyk-Lotfabad we Sarahs-Sarahs gümrük nokatlarynda özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, iki ýurduň arasyndaky ýük dolanyşygynyň möçberini artmagynyň mümkinçilikleri, gümrük gözegçiliginiň netijeliligi hem-de harytlar babatynda gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreşiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda taraplar, Ygtyýarly ykdysady operatorlar babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýüze çykarylan kada bozulmalary barada maglumat alyşmak we iki tarapdaky daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin gümrük kadalary barada okuw çärelerini geçirmek barada karar edildi.

Eýranly gümrükçileriň Aşgabada iş sapary Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine we Halkara gümrük terminalyna baryp görmek bilen tamamlandy.

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär