DÜNÝÄ

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, hususan-da, energetika we gaz pudaklaryndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

60-dan gowrak eýran kompaniýasynyň önümleriniň hödürlenýän 16-njy ýöriteleşdirilen «Iran Agrofood» sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Eýranyň Energetika ministriniň Aşgabat şäherine amala aşyran saparynyň, şeýle hem türkmen-eýran işewürler forumynyň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi