DÜNÝÄ

Eýranda prezident saýlawlary geçirilýär

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynda prezident saýlawlary üçin ses berişlik başlady. Ir sagat 07:00-da ýurduň esasy syýasy-jemgyýetçilik wakasy üçin ses berişlik badalga aldy. Hasaba alnan 59 milliondan gowrak saýlawçy täze prezidenti saýlamak üçin ses berýärler. Olaryň 1,3 milliony ilkinji gezek ses bermäge gatnaşýarlar.

Ýurduň 13-nji prezidenti üçin kabul edilen kararlaryň ýerlikliligi boýunça geňeşiň sekretary Mohsen Rezai, Ýokary kazyýetiň başlygyň Ebrahim Raisi, parlamentiň başlygynyň orunbasary Amir Hoseýn Kazizade Haşemi we Merkezi bankyň ozalky başlygy Abdolnaser Hemmati dalaşgär boldy.

Saýlaw güni ýurt boýunça 66,8 müň saýlaw uçastogy işläp başlady. Şeýle hem 133 döwletdäki Eýranyň raýatlary bolýan ýurtlarynda döredilen 234 saýlaw uçastogynda ses berip bilýärler.

Eýranyň dini lideri Ali Hamenei ýurduň prezident saýlawyna gatnaşyp, Tähran şäherindäki ymam Rugolla Homeýniniň mazoleýinde ýerleşen saýlaw uçastogynda ses berdi we ýurduň raýatlaryny bu saýlawlara gatnaşmaga çagyrdy.

Birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgärlerden biri berlen sesleriň 50% -den gowragyny almaly. Ýogsam, saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirilip, ony hem 25-nji iýunda gurnamak meýilleşdirilýär.

Ýurduň häzirki Prezidenti Hasan Ruhani bu saýlawlara gatnaşyp bilmeýär. Sebäbi ol bu ýokary döwlet wezipesinde 2-nji möhletini tamamlady.

Bu saýlawlar bilen bir hatarda welaýat, etrap we etrapçalardaky ýerli dolandyryş geňeşiniň agzalary, Eýranyň Mejlisi we Bilermenler mejlisi agzalary üçin hem ses berlişigi geçirilýär.

 

Ýewro-2020: 18-nji iýunyň duşuşyklary

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri