DÜNÝÄ

Eýran Türkmenistana bolan tebigy gaz bergisini üzmegi meýilleşdirýär

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistana bolan tebigy gaz bergisini üzmek babatda ähli tagallalary edýär.  Bu barada EYR-niň nebit ministri Jawad Owji Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygyndan soňra habarçylara beren beýanatynda belläp geçdi.

“Shana” habarlar agentliginiň habaryna görä, türkmen wekiliýeti EYR-niň nebit ministri Jawad Owji bilen gepleşikler geçirdi.

– Türkmenistan bilen Eýranyň iki bölegi boýunça 2 sany tebigy gaz şertnamamyz bar. Olar uzak möhletli ylalaşyklardyr. Biz ozal Türkmenistandan 2 ylalaşyk esasynda her gün 40 million kubmetr tebigy gaz satyn alýardyk – diýip, nebit ministri belleýär.

Nebit ministri iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň çäklerinde tebigy gazyň bergisi boýunça mesele Halkara arbitraž kazyýetine geçirilendigini, bu kazyýetiň Eýranyň takyk bergisini kesgitländigini aýtdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri we ýokary derejeli wekiliýet bilen bolan gepleşiklerine ýokary baha beren nebit ministri Owji Eýranyň Türkmenistana bolan bergisini üzmek babatda gepleşikleriň geçirilendigini we ýurduň häzirki Prezidenti Ebrahim Raisi we onuň 13-nji hökümetiniň bu bergini üzmek boýunça degişli karara gelendigini belledi.

– Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda Eýranyň milli gaz kompaniýasy hem-de Merkezi bankynyň hünärmenleriniň derejesinde ýakyn wagtda gepleşikler dowam etdiriler. Türkmen tarapynyň bergisini düzgünleşdirmek boýunça oňyn çözgütler kabul ediler – diýip, ministri belledi.

EÝRAN TÜRKMENISTANDAN TEBIGY GAZ ALMAGY GAÝTADAN DIKELTMEKÇI

Şeýle hem nebit ministri Owji Eýranyň täze hökümetiniň ilkinji başlangyçlarynyň biriniň Türkmenistandan tebigy gaz importyny gaýtadan dikeltmek bolup durýandygyny belläp, Türkmenistan bilen tebigy gaz, nebit, nebithimiýa, nebiti gaýtadan işlemek, gury ýer we deňiz ýalpaklyklarynda buraw işlerini geçirmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Owji bu babatda Türkmenistan bilen öz tehniki we inženerçilik hyzmatlaryny paýlaşmaga taýýardyklaryny belläp geçdi.

 

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul uçar gatnawy amala aşyryldy

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Malaýziýanyň milli habarlar agentligine baryp gördi

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady