BIZNES

Eýran Türkmenistana awtoulag önümlerini eksport etmäge taýýar

Eýranyň  “Iran Khodro Industrial Group” awtoulag kompaniýasynyň baş müdiri Farşad Mogimi, benzin we gysylan tebigy gaz metany bilen hereket edip bilýän goşa ýangyç ulgamly awtoulaglary türkmen bazaryna eksport etmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Eýranyň metbugaty habar berýär.

Habar berlişi ýaly, Eýranyň  “Iran Khodro Industrial Group” awtoulag kompaniýasynyň baş müdiri Farşad Mogimi bilen “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy G.Akmämmedowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Tähranda geçirilen duşuşykda Eýranyň awtoulag senagatynyň dürli önümleriniň, şeýle hem täjirçilik we ýolagçy awtoulaglarynyň önümçiliginiň, satuwdan soň degişli hyzmatlary bolan harytlary hödürlemäge mümkinçilik berýändigi bellenildi.

Eýran kompaniýasynyň başlygy türkmen bazaryny awtobuslar bilen üpjün etmäge taýýardygyny mälim etdi we bu ugurdaky eksportyň gysga wagtda amala aşyrmagyň mümkin boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem, Eýran kompaniýasynyň başlygy Türkmenistan bilen magdan, nebit we gaz, nebithimiýa we inženerçilik pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy geljegi uly hasaplaýar.

 

Telekeçilere ekin ekmek üçin köp ýer bölünip berilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler