DÜNÝÄ

Eýran-Azerbaýjan-Türkmenistan formatynda tebigy gaz hyzmatdaşlygy

Şu hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti geçiriler. Bu sammitiň çäklerinde Azerbaýjanyň Prezidenit Ilham Aliýew bilen Eýranyň Prezidenti Sayed Ebrahim Raisiniň arasynda duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar. Bu barada Eýranyň metbugaty habar berýär.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Said Hatibzade sammitiň çäklerinde Eýranyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň duşuşyp biljekdigini belledi.
Şeýle hem Eýranyň wekili Azerbaýjanyň wise-premýeri Şahin Mustafaýewiň Tähranda resmi gepleşikler geçirendigini we bu gepleşiklerde oňyn netijeleriň gazanylandygyny belledi.
Azerbaýjanyň wise-premýeriniň Eýranyň daşary işler ministri Hoseýn Amir Abdollahian hem-de nebit minsitri Jawad Ouji bilen duşuşyklar geçirendigi bellenildi.
Hususan-da, Azerbaýjanyň wise-premýeri Şahin Mustafaýew bilen Eýranyň nebit minsitri Jawad Oujiniň arasyndaky gepleşiklerde tebigy gaz alyş-çalşygy babatda yllalaşygyň gaznaylandygy mälim edildi.
Bu babatda Azerbaýjan we goňşy ýurtlar, hususan-da Tükrmenistan bilen swap görnüşinde tebigy gaz alyş-çalşygyny guramak babatda oňyn gepleşikleriň geçirilendigi bellenildi.
Eýranyň “Shana” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, nebit ministri Jawad Owji we Azerbaýjan Respublikasynyň wise-premýeriniň ýakyn wagtda Tähran-Bakuwyň nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy barada täze resminamalara gol çekiljekdigini habar berdiler.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/wladimir-putin-sanjymyn-3-nji-dozasyny-aldy/

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar