JEMGYÝET

“Eýfel” diňindäki akrobatyň üstünligi

Meşhur fransuz ýüp akrobaty Natan Polin Eýfel diňi bilen Trokadero meýdançasynyň arasyndan uzynlygy 670 metr aralygy tanaply ýüpüň üstünden ýöräp geçdi.  Aşakdan seredeniňde tanap göze görünmeýärdi we Natan ýerden 70 metr belentlikde göni howada süýşýän ýalydy. Ol ýarym sagatdan soň, Trokaderonyň gapdalyndaky teatryň üçegine çykdy we öz duýgularyny beýan etdi:

“Eýfel diňinden Şaýo teatryna ýöremek arzuwymyň hasyl bolmagy, diýseň haýran galdyryjy! Bu gudraty ol ýerdäki ähli adamlar bilen deň derejede paýlaşmak-hiç bir zada deňeşdirip bolmajak zatdy!”

Natan birnäçe gezek saklanyp dürli tilsimleri ýerine ýetitip, tomaşaçyary has-da tolgundyrdy.

Ol ýatyp, soň ýene ýerinden turdy we bularyň hemmesi adamlaryň tomaşa edip duran pursatlarynda emele geldi. Onuň üçin bu töwekgelçilikli boldy, sebäbi islendik pursatda ýykylmak howpy bardy.

Aşakda seredip duran tomaşaçylaryň biri bu barada: “Bu gaty ajaýyp! Men şuňa meňzeş zady görmedim! Bu gaty şahyrana we täsirli!” diýip beýan etdi.

Natan Polin 2017-nji ýylda eýýäm şuňa meňzeş tanaply ýöriş amala aşyrypdy.

 

Ýaponiýadan 3-nji doza sanjym karary

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary