SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“EKSPO-2030” sergisi üçin 3 ýurt dalaşgär

Parižde geçirilen iki günlik sammitde Halkara sergi guramasyna agza 179 ýurduň wekilleri EXPO-2030 sergisini guramak maksady bilen üç ýurda Saud Arabystany, Günorta Koreýa we Italiýa ses berdiler. Üç ýurt geljekki Bütindünýä sergisiniň öz ýurtlarynda guralmagyny maksat ediýärler.

Ses berişlikden soň Saud Arabystanynyň daşary işler ministri şazada Faýsal ben Farhan Al-Saud sergini paýtagt Er-Riýadda guramagyň taslamasyny hödürledi.

Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok-Ýol bu giň gerimli çäräni öz ýurdunyň ikinji uly şäheri Pusanda geçirmegi teklip etdi.

Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni bolsa, serginiň öz ýurdunyň paýtagty Rimde guramagyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Halkara sergi býurosyna agza ýurtlar noýabr aýynda geçiriljek indiki maslahatda EKPO-2030 sergisiniň nirede geçiriljekdigini kesgitlärler.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär