DÜNÝÄ

Eto: «Messi 70 ýaşaýança futbol oýnamaly»

Kamerunyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem-de «Real Madrid», «Barselona», «Inter», «Çelsi» ýaly klublaryň ozalky hüjümçisi Samuel Eto «Barselonadaky» topardaşy Lionel Messä 70 ýaşa çenli futbol oýnamagy maslahat berdi.

«Marca» neşirinde Etonyň aýdan sözleri şeýle getirilýär:

«Häzir 32 ýaşy dolan Messiniň oýnundan, janköýerleriň, mümkin boldugyça has köp lezzet almagy gerek. Leo ― dünýädäki we futbol taryhyndaky iň gowy futbolçy. Messi bize futbolyň lezzetini bagyşlamagy üçin 70 ýaşaýança futbol oýnasa has gowy bolar».

Samuel Eto «Barselonada» 2004 ― 2009-njy ýyllarda çykyş edipdi.

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi