MEDENIÝET

Ertir Halkara Ýaşulular güni

1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1-nji oktýabry Halkara Ýaşulular güni diýip kesgitledi. Indi 30 ýyl bäri bu baýramçylyk dünýäniň dürli künjeklerinde bellenilip gelinýär. Baýramçylygyň guralyşy, oňa berilýän üns dünýäde ýylsaýyn artýar. Baýramçylyk mynasybetli dürli görnüşdäki medeni çäreler guralýar. Şol çäreleriň çäginde ýaşuly adamlaryň ýaşaýan jemgyýetleriniň işine goşan goşantlary barada habarlylygy ýokarlandyrmak ýaly birnäçe işler alnyp barylýar.

Halkara Ýaşulular güni ýurdumyzda hem ýokary guramaçylykly bellenilip geçilýär.  Ata Watanymyzda ýaşuly adamlaryň sarpasynyň belent tutulyp, olar üçin dürli ýeňillikler döredilýär. Ýaşuly adamlaryň zähmet ýoly we durmuş tejribesi hakynda gyzykly gürrüňleri häli-şindi ýaş nesillere ýetirilip durulýar. Bu bolsa, ýaşlaryň has-da watansöýüji ruhda terbiýelenmegine uly ýardam edýär.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi