SPORT

Eriksen futbol karýerasyny tamamlamaly bolarmy?

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň geçirilýän döwründe Daniýa bilen Finlýandiýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda daniýaly ýarymgoragçy Kristian Eriksen huşundan gidip, belli bir wagtlygyna ýüregi durupdy. Toparyň lukmanlaryň meýdançada ýerine ýetiren lukmançylyk emleri bilen halas bolan Eriksen soňra hassahana ýerleşdirildi.

Hassahanada ol ýüreginden operasiýa geçirip, oňa oturdylýan kardiowerter-defibrilýator oturdyldy. Metbugatyň habar bermegine görä, ol elektrokardiostimulýator bilen hassahanadan öýüne ugradylar.

Ýüregagyry zerarly hassahana ýerleşdirilen Eriksene kardiowerter-defibrilýator (IKD) oturdyldy. Bu enjam ýüregiň kadaly işlemegine hem-de onuň durmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berer.

ERIKSEN ÜÇIN GOLDAW 

Düýn Belgiýa bilen Daniýanyň arasynda oýnalan duşuşygyň 11-nji minutynda oýun togtadyldy. 1 minut Erikseniň saglygyna gowuşmagy üçin goldaw berildi. Stadiondaky janköýerler, her iki toparyň futbolçylary hem-de eminler topary 1 minut dieýn ýaly, el çarpyp, futbolçyny goldadylar.

ŞEÝLE ÝAGDAÝDA FUTBOL OÝNAMAK BOLARMY?

Kristian Eriksene belki niderlandly Deýli Blind nusga bolup biler. Kardiowerter-defibrilýator (IKD) bilen professional derejede futbol karýerasyny dowam etdirýän futbolçy bar. Ol hem Deýli Blind. Blind 2019-njy ýylyň güýzünde “Aýaks” bilen “Walensiýa” toparlarynyň arasynda geçirilen Çempionlar Ligasynyň duşuşygynda başynyň aýlanýanyny syzypdy. Blind lukmançylyk barlagyndan geçenden soňra oňa miokardit diagnozy goýuldy. Soňra operasiýa edilip, oňa hem kardiowerter-defibrilýator (IKD) oturdyldy. Blind häzir hem futbol karýerasyny dowam edip, Ýewro-2020 çempionatynda Niderlandlaryň düzüminde çykyş etmegi dowam etdirýär.

 

 

Ýewropa çäklendirmeleri ýatyryp başlady

Ýene-de okaň

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder