JEMGYÝET

Erik Stýuart:”Makul Sözlük” ýurtlarymyzyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňelmegine hyzmat eder

 “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň  Ýerine ýetiriji direktory, esaslandyryjysy (USTBC) Erik Stýuart  ýakynda Amerikada neşir edilen we dünýäniň iň uly online bazary bolan Amazona ýerleşdirilen Makul Sözlük üçin sözbaşy ýazdy we ol sözbaşynda Türkmenistanda iş alyp barýan amerikan kompaniýalary üçin bu sözlük, dil päsgelçiliklerini ýeňip geçmek we has güýçli söwda gatnaşyklaryny gurmak üçin gymmatly çeşmedir. Şeýle hem, ABŞ bazaryna girmäge synanyşýan türkmen kompaniýalary üçin açyk aragatnaşyk gurmaga we üstünlikli hyzmatdaşlyk döretmäge zerur bolan möhüm guraldyr. Açyk aragatnaşyk söwda we maýa goýumlaryň esasynda durýar we bu eser ýurtlarymyzyň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň giňelmegine hyzmat eder diýip belledi.

Hormatly okyjylarymyz, biz Size “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň  Ýerine ýetiriji direktory, esaslandyryjysy (USTBC) Erik Stýuart  tarapyndan Makul Sözlük üçin ýazylan sözbaşy dolulygyna ýetirýäris.

 Türkmenistan nirede? Bu, elbetde, möhüm sowallaryň biridir, ýöne“Türkmenler kimdir” diýen sorag has-da möhüm bolsa gerek. Nireden başlamaly? Türkmenler dünýäniň iň ajaýyp halklarynyň biridir. Olar sahawatly, zähmetsöýer, akylly we mähirli halkdyr.

Türkmenistan, beýleki dört Merkezi Aziýa döwletleri ýaly, Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň 1991-nji ýylda öz garaşsyzlygyny gazandy. Ol — Eýran, Owganystan, Özbegistan we Gazagystan bilen serhetleşýär. Köp amerikaly bu ajaýyp ýurt hakynda köp zat bilmeýär. Kaliforniýa ölçegindäki ýerde 7 million ilaty bilen Türkmenistan diplomatiýanyň nusgasydyr. Türkmenistan parahatçylyk söýüji döwletdir. Şweýsariýa ýaly, ol hemişelik oňyn bitaraplyk derejesini saklaýar we Amerika Birleşen Ştatlary, Ýewropa, Hytaý, Russiýa, Eýran, Türkiýe we Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrýar. Türkmen halky abadançylygy we bagty arzuw edýär hem-de bütin dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga çemeleşýär.

Ilaty babatda ABŞ bilen deňeşdirilende kiçi bolsa-da, Türkmenistan hemişe Amerika bilen berk gatnaşyklaryny ösdürmegi ileri tutdy. “John Deere”, “Caterpillar”, “Visa”, “Palo Alto Networks”, “Case New Holland” we “Boeing” ýaly köp öňdebaryjy amerikan kompaniýalary Türkmenistanda iş alyp barýar. Menem dünýä meşhur professional golfçy Jack Nicklaus bilen Türkmenistana syýahat etmek bagtyna eýe boldum. Ol Aşgabadyň owadan “Ýyldyz” myhmanhanasynyň eteginde çempionlary guramak derejesindäki golf meýdançasyny taslamalaşdyrdy.

Döwran Orazgylyjowyň bu sözlügi taýýarlamagy mende uly buýsanç we umyt döretdi we şol sanda meni diýseň tolgundyrdy. Bu kitap biziň ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaşmagy üçin ýene bir mümkinçilikdir. Ol biziň birek-biregi sözme-söz hem-de meňzetme taýdan has gowy düşünmegimize ýardam eder. Birek-birekden öwrenmeli köp zadymyz bar. Biziň ýurtlarymyzyň aralygy 6 müň milden gowrak bolsa-da, şu ýaly kitaplar amerikalylar bilen türkmenleri doganlyk derejesinde birleşdirmäge kömek edýär.

Türkmenistanda iş alyp barýan amerikan kompaniýalary üçin bu sözlük, dil päsgelçiliklerini ýeňip geçmek we has güýçli söwda gatnaşyklaryny gurmak üçin gymmatly çeşmedir. Şeýle hem, ABŞ bazaryna girmäge synanyşýan türkmen kompaniýalary üçin açyk aragatnaşyk gurmaga we üstünlikli hyzmatdaşlyk döretmäge zerur bolan möhüm guraldyr. Açyk aragatnaşyk söwda we maýa goýumlaryň esasynda durýar we bu eser ýurtlarymyzyň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň giňelmegine hyzmat eder.

 Erik Stýuart köp sanly öňdebaryjy ikitaraplaýyn işewür geňeşleriniň we bileleşikleriň esaslandyryjysy we ýerine ýetiriji direktorydyr. Olaryň arasynda Amerikan-Merkezi Ýewropa Işewürler Assosiasiýasy (ACEBA) hem-de ABŞ-Türkmenistan Işewürlik Geňeşi (USTBC) bar. Ol mundan öň 2001–2006-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Söwda Departamentinde Prezident Jojr W. Buşyň döwründe Ýewropa/Ýewraziýa boýunça orunbasar kömekçisi wezipesinde işlän, şol döwürde 50-den gowrak ýurt boýunça söwda, işewürlik we maýa goýum syýasatyny alyp barmaga ýolbaşçylyk eden. Transatlantik ykdysady gatnaşyklary berkitmekde görkezen ýolbaşçylygy üçin oňa Wengriýanyň “Merit Ordeniniň”  Officer’s Cross baýragy (2006) we Polşanyň “Merit Ordeniniň” Knight’s Cross baýragy (2012) gowşuryldy.

Jenap Stýuart şu wagtda hem Diplomatiýa boýunça Ýerine ýetiriji Geňeşiň (ECD) hem-de Çagalar we ulular üçin Arassaçylyk Önümleri Merkeziniň (BAHP) ýerine ýetiriji direktory bolup işleýär. Ol Ohio uniwersitetiniň uçurymydyr we şol uniwersitetiň Milli Uçurymlar Geňeşiniň agzasy bolupdyr. 2002-nji ýylda uniwersitet tarapyndan “Ýylyň iň gowy uçurymy” baýragy bilen sylaglandy.

Jenap Stýuart köplenç Kongres agzalary we ABŞ-nyň Administrasiýasy tarapyndan daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we sebit ykdysady gatnaşyklary babatynda garaýyşlary üçin çagyrylýar. Ol metbugatda yzygiderli çykyş edýär, şol sanda “FOX News” we beýleki teleýaýlymlarda çykyş edip gelýär.

 

“Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikada neşir edildi we “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy

Ýene-de okaň

Dr.Döwran Orazgylyjow : Makul Sözlük Silikon jülgesinden gözbaş alan taslama

Ata Watan Eserleri

“Magtymguly Pyragy” çeper filmi Tatarystandaky halkara kinofestiwalda baýrak gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze oba – Döwletli mekan açyldy

Amangeldi Baýgeldiýew: “Makul Sözlük” hoşniýetli gatnaşyklarda özboluşly “dil köprisi” bolup hyzmat eder

“Makul Sözlük” internet neşirlerinde

Hormatly Prezidentimiz täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri