SPORT

Er-Riýadda boks gijesi: rus boksçylaryň çempionlyk tutluşygy

Saud Arabystany Er-Riýad şäherinde boks boýunça absolýut çempionlyk tutluşygy geçirildi. Onda 2 rus boksçy – Artur Beterbiýew bilen Dmitriý Biwol bäsleşdi. 79,38 kg agramda boks boýunça dünýäniň absolýut çempionlyk tutluşygy 12 döwden ybarat boldy.

Onuň netijesinde eminleriň çykaran netijesi boýunça Dmitriý Biwol jogap tutluşygynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň absolýut çempionlygyny gaýtaryp aldy.

Tutluşygyň 3 emininiň 2-si Biwolyň ýeňiş gazanandygyny belledi, 1 emin bolsa tutluşygyň deňlik bilen tamamlandygyny mälim etdi.

Bu iki rus boksçy 2024-nji ýylyň oktýabrynda bäsleşipdi we şonda Beterbiýew ýeňiş gazanypdy. Bu gezek bolsa, Biwol ýeňiş gazanyp, boks karýerasyndaky ýeňişli tutluşyklarynyň sanyny 24-e ýetirdi. 34 ýaşly boksçy diňe 1 gezek ýeňildi.

40 ýaşyndaky Artur Beterbiýew bolsa 21 duşuşykda ýeňiş gazanyp, 1 duşuşykda ýeňlipdir.

Beterbiýewiň bähbitlerine wekilçilik edýän “Top Rank” kompaniýasynyň maglumatyna görä, boksçylar bu tutluşykdan 15 million dollar girdeji gazandylar. Bu hem geçen ýylyň oktýabryndaky tutluşykdan 5 million dollar köpdür.

Şeýlelikde, Biwol Halkara Boks federasiýasynyň (IBF), Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) we Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) çempionly derejelerine eýe bolup, Bütindünýä boks assosiasiýasnyň (WBA) guşagyny gaýdyp aldy. Ol bu guşagy 13 gezek goramagy başardy.

Ýene-de okaň

“Arkadag” topary wagtyndan öň TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Messi 2025-nji ýyldaky ilkinji resmi goluny geçirdi

Gwardiola: Husanow geljekde güýçli futbolçy bolar

Luis Dias “Barselonada” oýnamak isleýär

Saud Arabystany 2029-njy ýylda gyşky Aziýa oýunlaryny kabul eder

Ata Watan Eserleri