PEÝDALY MASLAHAT

“Ene mähri” hormatly ada mynasyp bolan eneler üçin ýeňillikler

“Ene mähri” hormatly ada mynasyp bolan enelere döwlet tarapyndan nähili ýeňillikler berilýär?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä,   2008-nji ýylyň 3-nji martyndan herekete girizilen “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň Düzgünnamasynyň altynjy we ýedinji böleklerine laýyklykda, Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär.

Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar, olara diş protezleri hyzmatlaryndan – Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden (taksiden başgasy), şeýle hem olara we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan degişli edaralaryň öz serişdeleriniň hasabyna mugt peýdalanmaga hukuk berilýär.

2013-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girizilen Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 68-nji maddasynyň birinji böleginiň 7-nji bendine laýyklykda, ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylmaga mätäç bolan we hasaba alnan Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakylan enelere, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýy ilkinji nobatda berilýär.

2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilen Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 23-nji maddasynyň 4-nji bendinde, bäş we ondan köp çagany sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk, 54 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň ýaşy boýunça pensiýa hukugy bardyr.

2010-njy ýylyň 1-nji iýulyndan herekete herekete girizilen “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendinde, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere maslahatlar görnüşinde telekeçilik işiniň meseleleri bilen baglanyşykly bolmadyk ýuridik kömek berlende, olaryň haýyşy boýunça tölegsiz berilýär.

 

Adwokatlyk iÅŸi barada maglumat

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik