MEDENIÝET

«Emmi» baýragynyň dalaşgärleri mälim boldy

«Emmi» baýraklarynyň 2021-nji ýyldaky gowşurylyşy üçin dalaşgärler yglan edildi. «Euronews»-yň habaryna görä, 73-nji baýrak gowşurylyş dabarasy 19-njy sentýabrda Los-Anjelesde geçiriler.

Netflix-iň «The Crown» we «Disney +» striminiň «The Mandalorian» teleseriallary sanawda öňdäki orny eýeleýär: olaryň her birine 24 dalaşgär degişlidir. 

«Drama žanryndaky köp bölümli filmde iň gowy aktrisa» diýen ugur boýunça baýraga «The Crown»-yň aktrisalary Oliwiýa Kolman we Emma Korrin hödürlendi. Olar şa zenany Ýelizaweta II we Diana hanymyň keşplerini döretdiler.

«The Mandalorian» diýlip atlandyrylýan ilkinji oýun serialy bolsa «Star wars» filmler ulgamyň bir bölegidir. Serialdaky wakalar «Return of the Jedi» filmindäkiden bäş ýyldan soň bolup geçýär. Täze filmde baş keşbi ― ýalňyz awçy Din Jariniň keşbini Pedro Paskal ýerine ýetiripdir.

1990-njy ýyldan başlap, «WarnerMedia» bölümi ― HBO (Home Box Office), kabel we hemra telewizor ulgamlarynyň arasynda dalaşgärleriň sany boýunça öňde barýar. Onuň goşandynda 130 dalaşgär bar.

«Iň oňat komediýa serialy» ugry boýunça baýraga 8 film hödürlenipdir. Olar «Gara iş»«Cobra Kai»«Emily in Paris»«The Flight Attendant»«Hacks»«The Kominsky Method»«PEN15»«Ted Lasso» filmleridir.

«Iň gowy kiçi serial» baýragy üçin bolsa «The Queen’s Gambit» , «I May Destroy You» , «Mare of Easttown»«The Undergraund Railroad» we «Wanda Vision» seriallary bäsleşer.

Ýeri gelende aýtsak, «Emmi» (Primetime Emmys) «mawy ýaýlymdaky» iň gowy işlere berilýän abraýly baýraklaryň biridir. Elinde simwoliki atom saklaýan ganatly aýal şekilindäki altyn heýkeller Telewideniýe sungaty we alymlar akademiýasy tarapyndan gowşurylýar. Karary onuň 23 müňe ýakyn agzasy kabul edýär.

Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň duşuşygy Türkmenistanda geçiriler

 

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär