Aň düşünjesi düşündirmek örän kyn düşünjeleriň biridir.Aň düşünjesini başgaça “intellekt” adalgasy bilen aňlatmak mümkin . Köp asyrlaryň dowamynda belli alymlar intellektiň nämedigi hakyndaky ylmy-pelsepewi jedelleri orta atyp gelipdirler. Şeýle jedeller gapma-garşylyklary emele getiren bolsa-da ,olaryň arasynda aýratyn umumylyk bolupdyr,aň ýa-da intellekt diňe adamzada mahsus bolan aýratynlykdygy hiç üýtgewsizligine galdyrylypdyr .
Kähalatlarda edebi ýa-da fantastiki eserleri okanymyzda onda ynsandan başga jandarlaryň ýa-da predmetleriň aňly , düşünjeli bolup bilýänligi , gysgaça aýdanymyzda intellekta eýedigi hakynda gürrüň edilýär .Ýöne ol adyndan belli bolşy ýaly , ýöne bir eser , fantastiki pikir ýöretmeligine galýar .Sokratdan başlap Enşteýne çenli bolan döwürleriň iň görnükli alymlary hem aňyň emeli görnüşde bolup biljekdigi barada hiç hili ylmy pikiri öňe sürmändirler .
Ýöne XX asyra gelip ýagdaý bütinleý başga görnüşde ösüpdir . Has takygy , adamzat öz hyzmatlary üçin elektron hasaplaýyş maşynlaryny –kompýuterleri döredip başlandan soň , emeli aň hakyndaky pikirlere has içgin aralaşyldy . Adamzat öz eli bilen döreden aňly maşynlar –kompýuterler, robotlar we beýleki şuňa meňzeş mehaniki we tehnologiki ulgamlar tarapyndan yzygiderli intellektual düşünjeleri talap edýän meseleleri özbaşdak çözmekligi , özi netije çykarmagy we ýagdaýa görä öz hereketlerini uýgunlaşdyryp bilmekligi mümkin bolan intellektual ,, häsiýetler” bilen ýüzbe-ýüz geldi .Şol wagt ilkinji gezek aňyň ýasama şekili – ýagny “emeli aň” hakyndaky aýgytly pikirler ýüze çykypdy.
Ilki bilen , “emeli aň” düşünjesiniň özi hakynda gürrüň edeliň . ”Emeli “ sözüniň manysy gelip çykyşy boýunça tebigy däl zady,ýagny, adamyň öz eli bilen döreden zatlaryny aňladýar. “Aň” sözüni ýönekeý usul bilen düşündirmek kyn .Sözlüklerde onuň manysy dürli görnüşde aňladylýar,meselem: “aň”- karar kabul edip bilmek ukyby , düşünmek ukyby ýaly düşündirişlerden başga-da “bilmek, göz ýetirmek, deňeşdirmek ýa-da toplanan tejribeleriň netijesinde täze ýagdaýlara uýgunlaşmak “ ýaly manylarda hem gelýär.Ylmy taýdan ,,emeli aň “ düşünjesi ilkinji gezek 1956-njy ýylda Stenford uniwersitetinde geçirilen ylmy maslahatda iňlisçe ,,artificial intelligence”(AI) görnüşde giň ylym köpçüligine ýetirilipdir we şondan soňra bu barada alymlar uly gyzyklanma bildirip başlapdyrlar .
Belläp geçişimiz ýaly , emeli aň baradaky pikirler ilkinji EHM –leriň döremegi bilen başlapdyr .Ýöne taryha ser salanymyzda , intellektual meseleleri çözmekligiň adamzatdan başga obýektler tarapyndan ýerine ýetirilmegi has ir, Paskal –Leýbnisler döwründe başlapdyr . Leýbnis 1672-nji ýylda meşhur golland alymy Gýugensiň ýanyna myhmançylyga barypdyr we onuň gün tertibiniň köp böleginiň ylmy açyşlaryň matematiki meselelerini çözmeklige harçlanýandygyny görüp , şeýle ýazgyny galdyrypdyr : ,,Bu şeýle ajaýyp adamlara gelişmeýän ýagdaý .Ol başgalara , meselem, hasaplaýyş maşynyna tabşyraýmaly ýumşy , edil gullar ýaly özi ýerine ýetirýär …” diýip belleýär .Üns berseňiz ,,gullar ýaly “ diýen jümläni ulanýar .Ol uzyn , göwrüm taýdan uly , çylşyrymly meseleleriň alymyň köp wagtyny alýandygyny , ony hasaplaýyş maşynyna ynanyp , köp ünsüni ylmy açyşlara sarplap biljekdigi hakynda oýlanypdyr .Leýbnis tiz wagtdan 1694-nji ýylda ,,arifometr “ diýlip atlandyrylýan mehaniki hasaplaýyş maşynyny ylym adamlaryna hödürläpdir.Şonuň netijesinde Paskal we Leýbnisiň hasaplaýyş maşyny ilkinji emeli aňyň başlangyçlary hökmünde taryha giripdir.
Kompýuterleriň aňa eýe bolmagy hakyndaky ilkinji ylmy açyşlar , häzirkizaman informatika ylymlarynyň esaslandyryjysy hasaplanýan britan fizigi we matematigi Týuring bilen baglanşyklydyr.Týuring emeli aňyň amalyýetde bolup bilmek mümkinçiligini kesgitlemek üçin test döredýär .Týuring şeýle belläp geçýär :” Eger kompýuter özüni ähli taraplaýyn pikirlenmäge ukyply jandar ýaly alyp barmaga ukyply bolsa , onda ol intellekta eýe bolup biler” diýýär.Mundan başga-da Dip Sýorl atly pelsepeçi , Týuring testine meňzeş täze testi köpçülige hödürläpdir .Sýorl we Týuring testleriniň arasynda uzak wagtlap bäsdeşlik dowam edipdir .Birnäçe wagtdan soň 1976-njy ýylda matematik alymlar Kennet Appel we Wolfgang Haken bütin ylym dünýäsi üçin täzeligi yglan edipdirler .Ýagny , olar dört reňk hakyndaky teoremany kompýuteriň kömegi bilen subut etjekdiklerini mälim edipdirler .Olar bu işi öz döwrüniň öňdebaryjy elektron hasaplaýyş maşyny bolan IBM 370-160 kompýuterinde ýerine ýetiripdirler . Teoremany subut etmek üçin kompýutere 1200 sagat ýa-da 50 gün gerek bolupdyr .
Aňyň emeli görnüşi hakyndaky jedelli pikirleriň ösmegine sebäp bolan ýene bir waka kompýuter bilen ynsanyň arasynda ýokary intellektual oýunlary guramak , has takygy , kompýuter bilen grosmeýstriň arasynda küşt oýnuny gurnamak pikiri bolupdyr . 1996-njy ýylda dünýä belli grosmeýstr küşt boýunça dünýä çempiony Garri Kasparow bilen küşt oýny üçin ýöriteleşdirilen Deep Blue superkompýuteriniň arasynda bäsleşik geçirilýar . Jemi 6 oýnuň 4-sinde kompýuter ýeňlişe sezewar bolýar (4:2).Garşydaş hökmünde sekuntda 100 million göçümi seljerip , olaryň arasyndan mynasyp göçümi saýlap bilýän kompýuter ýeňilenden soň , soňky iki oýunda Deep Blue kompýuteriniň has güýçlendirilen görnüşi , sekuntda 200 million göçümi seljerip bilýän kompýuter bäsleşdirilýär we kompýuter ýeňiş gazanýar .
Häzirki ösen döwürde bolsa intellektual ulgamlar adamlaryň kyn işlerini aňsatlaşdyrmaga ýakyndan ýardam berýär .Muňa howa menzillerindäki uçuşlary guramaga kömek edýän habar beriş-seljeriş ulgamlaryny mysal getirmek mümkin . Olar ýüze çykýan metereologik ýagdaý , uçaryň uçuş -gonuş tertibi , uzaklyk, tizlik we beýleki ýüzlerçe parametrlere umumylaşdyrylan görnüşde gözegçilik edýär we işçä habar berýär . Bulardan başga-da ýurdumyzyň raýatlary Türkmenistanyň çägindäki otly we uçar gatnawlary üçin petekleri elektron görnüşde, hiç bir kynçylyksyz, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp satyn alyp bilýärler.Bu bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň wagtyny tygşytlamaga , ýerine ýetirýän işleriniň alnyp barlyşyny çaltlandyrmaga kömek edýär.Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaklyga ýurdumyzda döwlet derejesinde aýratyn üns berilýar , ähli pudaklarda ornaşdyrylýar we yzygiderli kämilleşdirilýär.
Bagtygül Ernazarowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň talyby