SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Elleri sabynlap ýuwmagyň düzgünleri

2008-nji ýyldan bäri UNISEF-iň teklibi esasynda 15-nji oktýabrda elleri ýuwmagyň halkara güni bellenilýär.

Häzirki döwürde sabynlaryň:

  • hojalyk;
  • hajathana;
  • çagalar üçin;
  • suwuk;
  • gaty;
  • gliserinli;
  • palçykly;
  • kremli;
  • antiseptikli we köpsanly başga görnüşleri bar.

Elleriňi yzygiderli arassalap (mikroblary ýok ediji spreýler, sabyn bilen ýuwmaly) durmaly. Eller gowy ýuwulmadyk halatynda, bedene mikroblar, hapalar düşüp, dürli ýokanç keseller ýokuşagan bolýar.

Eller daşardan öýe gireniňde, hajathanadan çykyp, naharlanmazdan öň gowy edip ýuwmaly. Biz hem saýtymyzda elleri ýuwmaklygyň halkara gününde elleri sabynlap, dogry we doly ýuwmagyň düzgünlerini okyjylara ýetirmekçi.

  1. Ilki bilen eliňi suwda öllemeli.
  2. Eliň aýasyny sabynlamaly.
  3. Bir eliň aýasyny beýleki eliň bilen yzygiderli arassalamaly.
  4. Sag eliň aýasy bilen çep eliň üstüni barmaklaryňy biri-biriniň arasyndan geçirmek bilen sürtmeli. Soňra çep eliň aýasy bilen sag eliňi arassalamaly.
  5. Elleriň aýasyny biri-birine bakdyryp, barmaklaryňy biri-biriniň arasyndan geçirip arassalamaly.
  6. Barmaklaryňy birikdirip, epläp, çep eliň barmaklarynyň arka tarapy bilen sag eliň aýasyny biri-birine sürtmeli (elleriň gulp görnüşde bolmaly).
  7. Çep eliň başam barmagyny sag eliň aýasyna alyp, aýlawly hereketler bilen arassalamaly. Edil şeýle hereketleri beýleki eliňde hem gaýtalamaly.
  8. Aýlawly hereketler bilen çep eliň aýasyny sag eliň birleşdirilen barmaklarynyň ujy bilen (tämizlemeli).
  9. Elleriňi akar suwda durlamaly.
  10. Elleriňi gowy edip, bir gezeklik ulanylýan süpürgiçde süpürmeli.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi