TEHNOLOGIÝA

Elektromobillere ynam bildirýärler

Ýewropa Bileleşiginde hereketlendirijisi elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň sany kem-kemden ýokarlanýar. Şu ýylyň birinji çärýeginde täze öndürilen ulaglaryň möçberi 6,8 göterim ýokarlandy.

«BBJ» işewürlik gazetiniň habar bermegine görä, Ýewropa Bileleşiginde bu ulaglaryň söwdasynyň möçberiniň ýokarlanan ýurdy Wengriýa boldy. Bu ýurtda üç aýda 517 elektromobil satyldy, ol hem geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 35,7 göterim köp. Şeýle hem bu ýurtda gibrid ulaglaryň sany hem artdy.  Şeýlelikde bu ýurduň raýatlary geljekde elektromobillere ynam bildirmegi göz öňünde tutýarlar.

 

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy