SPORT

“El Klasikoda” deňlik bozularmy?

Ispaniýanyň milli futbol çempionatynda “Real Madrid” topary bilen “Barselona” toparynyň arasyndaky duşuşyk “El Klasiko” diýlip atlandyrylýar. Dünýäniň ähli ýerinde bu iki toparyň arasyndaky duşuşyga uly sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. Bu gezek duşuşyk “Real Madrid” toparynyň meýdançasy bolan “Santýago Bernabeu” stadionynda oýnalar.

Duşuşyk 1-nji martdan 2-nji marta geçen gije, Aşgabat wagty bilen 00:55 minutda başlar. Ony “Türkmenistan Sport” teleýaýlymyndan hem tomaşa etmek bolar.

Bu iki topary 180-nji gezek duşuşar. 179 gezek geçirilen duşuşyklarda her iki topar hem 72 gezek ýeňiş gazandy. Bu gezek haýsydyr bir topary ýeňiş gazanan ýagdaýynda “El Klasikoda” deňlik bozular.

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynyň habar bermegine görä, bu futbol duşuşygy tutuş dünýäde 650 milliondan köp teletomaşaçy tarapyndan seredilýär.

“EL KLASIKO” BARADA SANLAR

  • Şu wagta çenli 179 duşuşyk geçirildi.
  • “Real Madrid” we “Barselona” 72 gezek ýeňiş gazandy.
  • 35 duşuşyk deňme-deň gutardy.
  • Häzirki wagtda Ispaniýanyň çempionatynda “Barselona” 55 bal bilen birinji orunda barýar.
  • “Real Madrid” bolsa 53 bal bilen ikinji orunda.
  • “Barselona” topary “Real Madrid” bilen soňky oýnalan 11 duşuşygyň 8-sinde ýeňiş gazandy.
  • “Barselonaly” Lionel Messi “El Klasiko” duşuşyklarynda 26 gol geçirip, iň köp gol geçiren futbolçydyr.
  • “Real Madridli” Serheo Ramos “El Klasiko’ duşuşyklarynyň 42-sinde oýnap, iň köp bu duşuşyklarda oýnan futbolçydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri