SPORT

“El-Klasikoda” bu gezek “Real” üstün çykdy

Ispaniýanyň iki ägirdi – “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlary Ispaniýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynda duşuşdy. Ilkinji duşuşykda “Barselona” topary 1:0 hasabynda myhmançylykda üstün çykypdy. Ýöne öz meýdançasynda derwezesinden bu gezek “Real Madrid” toparyndan jogapsyz 4 pökgi geçirtdi.

Şeýlelikde, “Real Madrid” topary 2023-nji ýylda “Barselona” toparyndan üstün çykdy we Soňky 28 ýylda uly haspa bilen ýeňmegi başardy. Şeýle hem şa kluby 9 ýyldna soňra Ispaniýanyň kubogynda finala çykmagy başardy.

Bu duşuşykda 3 gol geçiren Karim Benzema “El-Klasikoda” 16 gol geçirip, iň köp gol geçiren 4-nji futbolçy boldy. Ol 43 gezek “El-Klasiko” duşuşyklarynda oýnap, 16 gol geçirdi. Bu ugurda öňdeligi Lionel Messi eýelär we onuň geçiren gollarynyň sany 26-a deňdir.

Ispaniýanyň Kubogynyň täze eýesi 6-njy maýda Sewilýa şäherindeki stadionda geçiriljek “Real Madrid-Osasuna” duşuşygynyň netijesinde belli bolar.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy