SPORT

“El Klasiko”: “Realyň” 100-nji ýeňşi

Dünýäde köp sanly janköýerleri bolan Ispaniýanyň “Real Madrid” bilen “Barselona” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk “El Klasiko” diýlip atlandyrylýar. Bu duşuşyk futbol janköýerlerini hemişe gyzyklandyryp gelýär.

2022-nji ýyldaky ilkinji “El Klasiko” duşuşygy Ispaniýanyň Superkubogyny gazanmak ugrunda geçirilen mini ýaryşda boldy. Düýn hem belläp geçişimiz ýaly, Ispaniýanyň “La Liga” milli futbol çempionatynyň ýolbaşçy düzümi Superkubok ugrundaky ýeke-täk duşuşygy birnäçe toparyň gatnaşmagynda mini ýaryş hökmünde geçirýär. Bu duşuşyklar Saud Arabystanyda oýnalýar.

Şol duşuşyklaryň ilkinjisinde Ispaniýanyň “Real Madrid” bilen “Barselona” toparlary duşuşdy. “El Klasiko” duşuşygynda “Real Madrid” topary garşydaşy “Barselona” toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň 25-nji minutynda “Realyň” ýaş ýyldyzy Winisius Žunior hasaby açdy. 41-nji minutda “Barselonaly” de Ýong hasaby deňledi.

72-nji minutda Benzemanyň goly bilen “Real” ýene-de öňe saýlandy. 83-nji minutda Fati “Barselona” toparynyň 2-nji goluny öz adyna ýazdyrdy.

Duşuşygyň ykbalyny bolsa, duşuşygyň esasy wagtyna goşulan goşmaça wagtyň 98-nji minutynda “Real Madrid” toparyndan Walwerdeniň goly kesgitledi.

Şeýlelikde, duşuşykda 3:2 hasabynda üstün çykan “Real Madrid” topary Ispaniýanyň Superkubogynda finala çykdy we “El Klasikodaky” 100-nji ýeňşini baýram etdi.

bu iki topar 248 gezke duşuşdy. “Real” 100-nji ýeňşini gazandy we 415 gol geçirdi. “Barselona” topary bolsa 96 duşuşykda ýeňiş gazanyp, 404 gol geçirdi. 52 duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

2022-nji ýylyň 20-nji martynda ýene-de bir “El Klasiko” bolar. Onda bu iki topar Ispaniýanyň “La Liga” milli çempionatynyň çäklerinde duşuşar.

“Real Madrid” toparynyň “El Klasikodaky” bassyr 5-nji ýeňşi. Mundan ozal şeýle ýagdaý 60-njy ýyllarda bolupdy. “Barselona” topary 3 ýyldan bäri “El Klasikoda” ýeňiş gazanyp bilmän gelýär.

Ispaniýanyň Superkubogynyň beýleki duşuşygynda 13-nji ýanwarda, ýagny şu gün “Atletiko Madrid” bilen “Atletik” toparlary duşuşar.

 

Italiýanyň NaýbaÅŸy kubogyny “Inter” gazandy

Ýene-de okaň

Ronaldo: “Barselona” toparyna gidip bilerdim

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2024 sanlarda

Ýewropanyň çempiony “Galatasaraý” toparynda oýnar

Gawi 2030-njy ýyla çenli “Barselonada” galar

Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyry: “Mançester Siti”- “Real Madrid”

Ata Watan Eserleri

Ronaldodan ýene-de bir rekord

Ata Watan Eserleri