SPORT

“El Klasiko”: “Real Madrid” öňe geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” futbol boýunça milli çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň esasy duşuşygy “Real Madrid” topary bilen “Barselona” toparynyň arasyndaky oýun boldy. Bu duşuşyk “El Klasiko” ady bilen tanalýar. Duşuşykda “Barselonany” 2:0 hasabynda ýeňen “Real Madrid” hem “El Klasiko”-da hem-de milli çempionatda öňe saýlandy.

Bu iki topar “El Klasiko”-da 180-nji gezek duşuşdy. Mundan ozal her iki topar 72 gezek ýeňiş gazanypdy. “Real Madridiň” bu gezek utuşy olaryň üstünligini 73-e çykardy. Şeýle hem “Real Madrid” bu oýundaky ýeňşi bilen çempionatdaky utuk sanyny 56-a ýetirip, birinji orna geçdi.

  • “Real Madrid” toparynyň düzümindäki Winisius (Junior) 71-nji minutda hasaby açyp, “El Klasiko”-da tapawutlanan iň ýaş futbolçy boldy. Mundan ozalky rekord Messä degişlidi. Ol 19 ýaş 259 gün wagty tapawutlanypdy. Winisius bolsa, ondan 26 gün kiçi wagty tapawutlanmagy başardy.
  • Messi  Kristiano Ronaldo “Real Madrid” toparyndan başga topara geçenden soň, “Real Madrid” bilen bolan duşuşyklarda tapawutlanyp bilmedi.
  • Kristiano Ronaldo bu duşuşygy janköýerleriň arasynda tomaşa etdi.

“Barselona” 45 ýyldan soňra “La Liga”-daky iki duşuşykda hem tapawutlanyp bilmedi. Mundan ozalky “El Klasiko” geçen ýylyň dekabrynda bolupdy we duşuşyk 0:0 hasabynda gutarypdy.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi