SPORT

“El-Klasiko”: “Barselona” topary “Realy” utdy we kubogy gazandy

Ispaniýanyň Şa kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy “El-Klasiko” duşuşygy boldy. Onda ispan futbolynyň 2 ägirdi “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlary duşuşdy. Sewilýa şäherinde geçirilen duşuşykda “Barselona” topary esasy bäsdeşi “Real Madrid” toparyny 3:2 hasabynda utdy we Şa kubogynyň eýesi boldy.

“Barselona” toparyna ýeňiş getiren gollary 28-nji minutda Pedri, 84-nji Torres we 116-njy minutda Kunde geçirdi. “Real Madrid” toparyndan bolsa, 69-njy minutda Kilian Mbappe we 77-nji minutda Tçuameni tapawutlandy.

Ispanýanyň Patyşasynyň hem stadionda tomaşa eden duşuşygynda ýeňiş gazanan “Barselona” topary öz taryhynda bu arzyly kubogy 32-nji gezek gazandy we bu özboluşly rekordy boldy. Bu topar soňky gezek 2020/21-nji möwsümde bu kubogyň eýesi bolupdy.

“Real Madrid” topary bolsa, Ispaniýanyň Şa kubogy 20 gezek gazandy.

Mundan ozal, 2014-nji ýylda Ispaniýanyň Şa kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlary duşuşypdy.

Related posts

Ýurgen Kloppyň şertnamasynyň möhleti uzadyldy

Ata Watan Eserleri

Jeýdon Sanço «Mançester Ýunaýtedde»

Soňky onýyllygyň iň gowy derwezebanlarynyň sanawy