DÜNÝÄ

Efiopiýa ilkinji emeli hemrasyny iberdi

Afrika yklymynda ýerleşýän Efiopiýa özüniň ilkinji emeli hemrasyny älem giňişligine iberdi. Efiopiýa ilkinji emeli hemrasyny älem giňişligine Hytaýyň kömegi bilen ýollady.

– Bu taslama biziň ýurdumyzyň ösüş ýolundaky taryhy waka boldy – diýip, Efiopiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Demeke Mekonnen gürrüň berdi.

Ýurduň paýtagty Addis-Abebanyň dag etegindäki Entoto kosmos obserwatoriýasyna ýurduň ýolbaşçy düzümi bilen raýatlary ýygnandylar. Olar göni ýaýlymda emeli hemranyň älem giňişligine iberiliş pursatlarynyň şaýady boldular.

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynyň Taýýuan kosmodromynda “ÇançŽen-4B” raketa göterijisi arkaly “ETRSS-1” emeli hemrasy kosmosa iberildi.

“ETRSS-1” emeli hemrasy ilkinji nobatda, infrastrukturanyň ösüşi, oba hojalygynyň we tokaý serişdeleriniň ýagdaýy, şeýle hem howa ýadaýy barada nyk maglumatlar almaga mümkinçilik döreder. Emeli hemrany öndürmek üçin 7 million dollar sarp edildi we onuň 6 milliony Hytaý tarapyndan tölendi.

Efiopiýa bu emeli hemrasyny ulanmak arkaly her ýyl 11 million dollar tygşytlamagy meýilleşdirýär.

Efiopiýa 2013-nji ýylyň oktýabrynda Gündogar Afrikanyň iň uly obserwatoriýasyna eýe boldy. Ol Entoto dagynda deňiz derejesinden 3200 metr belentlikde ýerleşýär. Ol hem ýurduň kosmos maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ilkinji ädim boldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy