DÜNÝÄ

Düýe çapyşyklary täzeden başlaýar

Düýe çapyşyklary Katar döwletiniň ýaşaýjylarynyň halaýan güýmenjeleriniň biridir. Bu düýä çapyşyklary Pars aýlagynda täzeden başlady. Mälim bolşy ýaly, çapyşyklar koronawirus ýokanjy sebäpli fewral aýynda ýatyrylypdy.

Çapyşyga gatnaşýan bir örküçli düýeler sagatda 65 kilometr tizlige çenli ýetip bilýärler. Saud Arabystanyda, Müsürde, Iordaniýada, Omanda we Sudanda düýe çapyşyklary sportuň milli görnüşleriniň biridir. Sportuň bu görnüşi futboldan kem galmaýar.

– Aýlag ýurtlarynda düýe çapyşyklary atalarymyzdan galan mirasdyr. Bu däp çagalykdan bäri dowam edip gelýär. Bu gezek sekiz çapyşyk we üç festiwal geçireris – diýip, bäsleşigiň guramaçysy Mubarek Hamad Al-Nuaimi belläp geçdi.

Häzirki wagtda çapyşyklara robot çapyksuwarlar gatnaşdyrylýar.

Şeýle hem düýe çapyşyklary Birleşen Arap Emirliklerinde hem täzeden başlady.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy