SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dürli deri reňkli ekizler dünýä indi

Beýik Britaniýanyň Nottingem şäheriniň ýaşajysy Şantel Broton dürli deri reňkli ekiz çagalary dünýä inderdi. Onuň dünýä inderen oglunyň derisiniň reňki ak, gyzynyň derisiniň reňki bolsa gara. Bu barada “Daily Mail” neşiri habar berýär.

29 ýaşyndaky şepagat uýasy Şantel Broton ilkibaşda öz çagalarydygyna hem ynanmady. Ony Nottingem şäheriniň çaga dogrulýan hassahanasyna getirenlerinde, ilkinji bilen ogly Aýon dünýä indi, soňra bolsa, gara reňkli gyzy Azira doguldy.

Lukmanlaryň pikiriçe, dürli deri reňkli ekiz çaga dogurmak ähtimallygy millionda birdir. Şanteliň adamsynyň ýarym şotlandiýaly, ýarym bolsa ýamaýkalydyr. Şanteliň özüniň bolsa, ene tarapyndan babasy Nigeriýada dünýä inipdir.

Hünärmenleriň pikiriçe, deriniň reňki genetiki täsiriň esasy mysalydyr. Deriniň öýjüklerindäki melanin pigmentiniň mukdaryna baglydyr. Bu mukdar her öýjügiň genetiki programmasy bilen kesgitlenýär.

Çaganyň reňki köplenç ene-atadaky melaniniň köp mukdaryna baglydyr.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär