DÜNÝÄ

Dünýäniň öňdebaryjy kinoprokaty

“Artisan Gateway” maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Hytaý döwletiniň kinoteatrlarynyň umumy girdejisi eýýäm 1,988 milliard dollar barabar bolup, Demirgazyk Amerikada bolsa film prokat bazarynda bolsa bary-ýogy 1,937 milliard dollar boldy diýip, habar berilýär. Hytaýyň artykmaçlygy mundan beýläk diňe artmagyna garaşylýar. Teatrlaryň kassasy  babatda aýdanymyzda Hytaý döwleti ahyrsoňy Amerikadan öňe geçjekdigi uzak wagt bäri aýdylýardy we dünýäde ýüze çykan pandemiýa bolsa bu ýagdaýy çaltlaşdyrdy. Hytaý döwleti koronawirus bilen üstünlikli göreşdi we alty aýdan gowrak wagtdan soňra film prokat işini gaýtadan başlady. Häzirki wagtda Hytaýyň kino zallaryň 75% göterime çenli doldurmaga rugsat berildi. Oktýabr aýynyň 1-den-8-ne çenli aralygynda bir hepde dowam eden milli baýramçylyk dabaralarynda, Hytaý kinoteatrlary 586 million dollar möçberinde kino peteklerini satdylar. Häzirki wagtda esasy ýerli iň gowy film “MENIŇ HALKYM, MENIŇ WATANYM” bolup durýar, bu film eýýäm 365,2 million dollar toplamagy başardy.

Şol bir wagtyň özünde dünýä kassa ýygymynda 2020-nji ýylda “Sekiz adam” film, iň köp girdeji gazanan hytaý filmi hasaplanylýar. “Hemişe erbet oglanlar” filmi Golliwudyň iň köp girdeji gazanan Golliwud filmi hasaplanylýar, onuň umumy girdejisi 426,5 million dollar barabar bolup durýar.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Dokuz aýda 134 halkara resminama baglaşyldy

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy kabul edildi

Türkmenistan Saud Arabystanyna hem-de BAE täze ilçi belledi

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Aziýa Ösüş Bankynyň hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Moskwa şäherinde möhüm senelere bagyşlanan brifing geçirildi

Ata Watan Eserleri