DÜNÝÄ

Dünýäniň liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutladylar

Şu gün Türkmenistan döwletimiz bilen bilelikde, tutuş musulman halklayr mukaddes Oraza baýramyny belläýerler. Bu mukaddes baýramçylyk mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynyň döwlet Baştutanlaryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy.

Şol gutlag hatlaryny size ýetirýäris:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gazagystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we ähli türkmenistanlylara Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Goý, musulman ymmatyny haýyr işlere we ýokary gymmatlyklara, ýagşylyga hem-de rehimdarlyga çagyrýan bu mukaddes günlerde biziň raýdaşlygymyz we berekedimiz has-da artsyn! Goý, Beýik Allatagala ýagşy niýetlerimizi, sogap işlerimizi kabul etsin hem-de indiki Oraza baýramyny abadançylykda garşy almagy nesip etsin!

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, bu ähmiýetli baýramda Size bagt we jogapkärli işiňizde üstünlik, doganlyk Türkmenistanyň her bir maşgalasyna bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin! Oraza baýramyňyz gutly bolsun!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Hoşniýetli goňşuçylyga we özara hormat goýmaga esaslanýan, asyrlarboýy dowam edip gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň bilelikdäki tagallalaryň, geljekki iň ýokary derejedäki hyzmatdaşlygyň netijesinde has-da ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň diňe bir iki halkyň we döwletiň bähbitlerine hyzmat etmän, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyga, ösüşe ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, doganlyk halklarymyzyň uly şatlyk bilen garşylaýan şu nurana günlerinde Size hem-de Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna Oraza baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän bu mukaddes baýram yslam dininiň özara düşünişmek, dürli garaýyşlara hormat goýmak, rehimdarlyk, raýdaşlyk we birek-birege goldaw bermek ýaly beýik gymmatlyklaryny alamatlandyrýar.

Ýurtlarymyzyň pugta taryhy kökleri bolan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp hem-de giňeldip, bilelikdäki döredijilikli tagallalar esasynda halklarymyzyň bähbitlerine ony mundan beýläk-de ösdürjekdiklerine ynanýaryn.

Musulman ymmaty üçin bereketli bolan şu günlerde Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, bolçulyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Azerbaýjanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny ruhy päkligiň, ýagşylygyň nyşany bolan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu nurana baýramda Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Şu bagtyýar günlerde Beýik Biribardan tutuş musulman ymmatyna, dünýäniň ähli halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, şeýle-de sazlaşykly ýaşaýşyň gymmatlyklaryny berkarar etmäge ähli adamzady jebisleşdirmegini dileg edýärin.

Goý, Allatagala doga-dileglerimizi kabul etsin hem-de dostlukly halklarymyza we tutuş musulman ymmatyna öz berekedini eçilsin!

Abdel Fattah AL-SISI,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk eçilmegini dileg edýärin.

Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Halifa bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna Palestina Döwletiniň hem-de halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Şu baýramçylyk günlerinde Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, dünýäniň ähli halklaryna, şol sanda türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk dileg edýärin.

Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermegi özüm üçin hormat hasaplaýaryn.

Bu röwşen baýramda Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hamad bin Isa AL HALIFA,
Bahreýniň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Abdulla II,
Iordaniýanyň Patyşasy.

Ýene-de okaň

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy