SPORT

Dünýäniň küşt çempiony – Magnus Karlsen

Russiýaly grossmeýster Ýan Nepomnýaşiý dünýäniň küşt çempiony, norwegiýaly Magnus Karlsene garşy durup bilmedi. BAE-niň Dubaý şäherinde dowam edýän dünýäniň küşt çempiony bolmak ugrundaky ýaryşyň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda norwegiýaly Magnus Karlsen çempionlygyny yglan etdi.

11-nji döwde Karlsen rus garşydaşy ýeňip, hasaby 7,5:3,5-a ýetirdi. Şeýlelikde, ol 3 döw galandygyna garamazdan, çempionlygyny yglan etdi.

Dünýäniň küşt çempiony bolmak ugrundaky ýaryş 14 döwden ybaratdyr. Şonuň netijesinde hem ýeňiji yglan edilmedik halatynda goşmaça döwler geçirilýär.

Dünýäniň soňky çempiony Magnus Karlsen 14 döw tamamlanmanka, çempion bolmagy başardy.

31 ýaşly Magnus Karslen Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) reýtingi boýunça, dünýäniň iň gowy küştçüsidir. Ol 2013-nji ýylda hindistanly Wişwanatan Anandy ýeňip, dünýä çempiony bolupdy. Norwegiýaly küştçi ilkinji gezek 23 ýaşynda çempion bolupdy. Soňky 8 ýylyň dowamynda bolsa 3 gezek bu derejäni gorady. Ol şol döwürde ýene-de Wişwanatan Anandy, Sergeý Karýakin we Fabiano Karuany ýeňdi.

Karslen küşt dünýäde birnäçe rekordlaryň hem eýesidir. Ol iň ýaş çempion bolan grossmeýster derejesiniň hem eýesidir.

 

Eýranly Azmun “Lion” toparyna geçip biler

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi