MEDENIÝET

Dünýäniň iň ýaşuly aktýorydy

Amerikaly režissýor, aktýor we prodýuser Norman Lloýd 106 ýaşynda aradan çykdy. Lloýd işini dowam etdiren dünýäniň iň garry aktýory hasaplanýar.

«Variety» neşiriniň habaryna görä, aktýor 11-nji maýda Los-Anjelesdäki öýünde aradan çykypdyr.

Lloýdiň dosty, prodýuser Din Hargrouwyň aýtmagyna görä, merhum aktýor ömrüniň soňky pursatlaryna çenli dürli ýaryşlarda emin agza hökmünde, festiwallara we tomaşalara gatnaşandygyny aýtdy. Lloýdiň agyr kesel bolmazdan uzak ýaşamagynyň syrynyň «ýakymsyz adamlardan daşda durmakdan» ybaratdygyny aýdýar.

Aktýor 1914-nji ýylyň noýabr aýynda ABŞ-nyň Nýu-Jersi şäherinde dünýä inen. Aktýorçylyga  18 ýaşynda başlapdyr. 1932-nji ýyldan bäri filmlerde işleýär. Alfred Hiçkokyň «Diwersant» filmindäki (1942-nji ýyl) keşbi arkaly meşhurlyk gazanypdyr .

Şeýle-de bolsa, aktýor 1980-nji ýyllarda, NBC-de ýaýlyma berlen «Sent- Elswer» dramasynda lukman rolundaky çykyşyndan soň hakyky meşhurlyga ýetipdir. Lloýdiň aktýorçylygy 80 ýyldan gowrak dowam edipdir. «Oldest. Org» saýtynyň habaryna görä, Lloýd 2021-nji ýylda dünýäniň iň garry aktýory bolýar.

Garry aktýorlaryň we aktrisalaryň sanawynda ondan soň, 99 ýaşly Betti Uaýt we 98 ýaşly Joan Kouplend bar.

 

Angliýanyň çempiony – “Mançester Siti”

 

 

Ýene-de okaň

«Mukam» skripkaçylar toparynyň Hytaýdaky üstünligi

Türkmenistan Koreýa Respublikasynda halkara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň teatr işgärleri Russiýada tejribe alyş okuw hepdeligine gatnaşdy

Türkmenistanly ýaş şahyrlar TÜRKSOÝ-yň baýragyna mynasyp boldy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy üçin täze tehnikalar satyn alnar

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri