TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň uly maglumat merkezi Hindistanda gurlar

Aziýanyň we Hindistanyň iň baý adamlarynyň biri bolan Mukeş Ambanynyň “Reliance Group” kompaniýasy Hindistanda 3 gigawat möçberinde dünýäniň iň uly maglumat merkezini gurýar.

Maglumat merkezi “Nvidia” kompaniýasynyň emeli aň ýarymgeçirijileri bilen üpjün ediler we Hindistanyň Jamnagar şäherinde 24 aýyň dowamynda gurulmagy göz öňünde tutulýar. Bu taslama üçin hindi işewüri 20 bilen 30 milliard dollar aralygynda maýa goýum serişdelerini gönükdirmegi maksat edinýär.

Taslama arzan bahaly emeli aň gözleg hyzmatlaryny hödürlemegi maksat edinýär we Hindistanda emeli aň amaly programmalaryny has elýeterli edip, alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işlär.

Mukeş Ambani dünýädäki müşderilerine emeli aň hyzmat mümkinçiliklerini bermek üçin maglumat merkezlerine köp milliardlyk maýa goýumlaryny özleşdirýän “Microsoft Corp.”, “Alphabet Inc.”, we beýleki kompaniýalaryň hataryna goşulýar.

Ýaňy-ýakynda, ABŞ-nyň 3 sany iri kompaniýasy “OpenAI”, “SoftBank Group Corp.” we “Oracle Corp.” bileleşip,  “Stargate” taslamasyny durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Bu taslama arkaly ABŞ-da emeli aň infrastrukturasyna 100 milliarddan 500 milliard dollar aralygynda maýa goýmak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi