TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň ösen gumanid roboty

Iňlis kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen gumanid robot ünsi özüne çekýär. Olaryň yşaratlary bar, ýüzi gaty hakyky ýaly. Robot tehnologiýasy ösdigiçe, olaryň köpüsini görüp başlarys.

“Ameca” atly iňlis tejribehanasynda öndürilen bu robot hakykatdanam hakyky hereketlere we ýüz keşbine eýe. Özüni “Angliýanyň öňdebaryjy dizaýneri we ynsanperwer güýmenje robotlaryny öndüriji” hökmünde häsiýetlendirýän “Cornwall” esasly “Engineered Arts” kompaniýasy, enjamy “YouTube” hasabynda uly höwes bilen tanatdy. Köp tomaşaçy enjamyň näderejede hakyky we adama meňzeýändigine geň galdylar.

Käbir adamlar “Ameca”-ny, 2004-nji ýylda distopiýa dünýäsinde jemgyýetçilik hyzmatyny ýerine ýetirýän Will Smiziň baş keşbi janlandyrýan fantastiki film I-Robotdaky NS-5 seriýasy bilen deňeşdirdi. Wideoda robot gözüni açmazdan ozal egnini gyzdyrýan ýaly görünýär, gaty ynandyryjy we geň galdyryjy hereketleri edýär. Hatda birnäçe gezek gözlerini gyrpýar we enjam öz goluna bilesigelijilik bilen syn edýär. Deslapky syn Amekanyň mehaniki agzalaryň we baglaryň, herekete getirijileriň we datçik massiwleriniň utgaşmagyna haýran galmak bilen tamamlanýar.

Elbetde realist, ýöne indiki kynçylyk bu robotlaryň daş-töwerekde işlemegi bolar. “Engineered Arts” munuň entek gaty uzakdygyny aýdyp, ýöne ýüzüň “güýçli Tritium robot operasiýa ulgamy” bilen “adama meňzeş emeli bedene (AI x AB)” ýerleşdirilendigini mälim etdi.

Robot üçin entek näçeräk çykdajy ediljekdigi doly aýan edilmedi. “Ameca” 2016-njy ýylda ilkinji gezek ýüze çykan we ýalpyldawuk, gapdaldan seredip we gürleşip bilýän, gaty akylly, adama meňzeş kellesi bolan “Sofiýa”-nyň ewolýusiýasyny yzarlaýar.

Gonkongyň “Hanson robotics” firmasy tarapyndan döredilen gumanoid robot “Sofiýa” söhbet edip bilýär, ýylgyryp bilýär we hatda degişmeler hem aýdyp bilýär. Robot 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Saud Arabystanynyň kanuny raýaty bolanda taryh döretdi. “Engineered Arts” kompaniýasy, “Ameca”-nyň adam robotlary tehnologiýasynyň öň hataryny görkezýändigi sebäpli, geljege göz aýlamagy umyt edýär.

Kompaniýa öz web sahypasynda: “Geljekdäki robot tehnologiýalaryny ösdürmek üçin ýörite döredilen platforma hökmünde döredilen “Ameca”, adam-robot täsiri üçin iň oňat gumanid robot platformasydyr. Size ygtybarly, modully, täzelenip bolýan we ösdürilmegi aňsat innowasiýa tehnologiýalary bilen üpjün etmäge üns berýäris. ” -diýdi.

“Engineered Arts” kompaniýasy 2005-nji ýylda esaslandyryldy we sahna çykan ilkinji robot mehaniki “Thespian” boldy.

 

Putin Hindistana barýar

Ýene-de okaň

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy