SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine ýurduň Premýer-ministri Narendra Modi badalga berdi. Ol wideokonferensiýa arkaly ählihindi sanjym kampaniýasynyň başlamagyna rugsat berdi.

– Adatça, sanjym döretmek üçin köp ýyl gerek bolýar. Ýöne şeýle gysga wagtyň içinde “Hindistanda öndürildi” belgisi bilen diňe bir däl, eýsem 2 sanjym taýýar edildi. Şeýle hem beýleki sanjymlar boýunça hem işler ýokary depginde alnyp barylýar – diýip, Premýer-ministr Modi belledi. Şeýle hem ol sanjym edilenden soňra hem agyz-burun örtügini dakynmaga hem-de howpsuz aralygy saklamaga çagyrdy.

Häzirki wagtda Hindistanda iki sanjymy urmaga rugsat berildi. Olar – “Oksfordyň” hindi görnüşli “Covieshield” hem-de ýerli “Covaxin” sanjymlarydyr. Ýakynda ýene-de 4 sanjymy ulanmak boýunça meselelere garalýandygy mälim edildi.

Ýurtda 3 müň sany sanjym merkezi açylyp, olaryň 80-si ýurduň paýtagty Täze Delide hereket edýär. Ýurduň hökümeti bu merkezleri kem-kemden köpeltmekçi. Ýanwar ahynyryň ahyryna çenli 5 müňe, mart aýyna çenli olaryň sanyny 12 müňe ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Her gün sanjym merkezinde 100 adam sanjym ediler. ilkinji tpagyrda 30 million lukmançylyk edaralarynyň işgärleri, şeýle hem polisiýa we gyssagly kömek gulluklarynyň işgärleri sanjym ediler.

Soňra sanjym 50 ýaşdan uly adamlara sanjym ediler we şeýlelikde, sanjym edilenleriň sany 270 milliona golaýlar.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

AÖB Türkmenistanda şepagatçylyk işini ösdürmek üçin $77 mln maýa goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizer

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär