TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň gymmatly markalary

“Kantar” kompaniýasy tarapyndan neşir edilen “BrandZ” hasabatyna görä, dünýäniň iň gymmatly markalary mälim edildi. Soňky ýyllarda tehnologiýa kompaniýalarynyň ösüşi dünýäde iň gymmatly markalaryň döremegine mümkinçilik berdi.

Maglumatlara görä, gymmaty 684 milliard dollar bolan “Amazon” birinji ýeri eýeledi. “Forbes” žurnalynyň 2020-nji ýyldaky hasabatlarynda birinji orny eýelän “Apple” kompaniýasy “Kantar” kompaniýasynyň hasabatyna görä, gymmaty 611 milliard dollar bilen ikinji ýeri eýeledi.

DÜNÝÄNIŇ IŇ GYMMATLY MARKALARY

  • “Amazon”: 683,8 milliard dollar
  • “Apple”: 611,9 milliard dollar
  • “Google”: 457,9 milliard dollar
  • “Microsoft”: 410,2 milliard dollar
  • “Tencent”: 240,9 milliard dollar
  • “Facebook”: 226,7 milliard dollar
  • “Alibaba”: 196,9 milliard dollar
  • “Visa”: 191,2 milliard dollar
  • “Mc Donald’s”: 154,9 milliard dollar
  • “Mastercard”: 112,8 milliard dollar

 

“Täze Özbegistan” uniwersiteti döredildi

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy