DÜNÝÄ

Dünýäniň iň gowy konditerçisi kim boldy?

“Dünýäniň iň gowy konditer aşpezi” baýragyna Belgiýanyň şokolad öndürijisi Pýer Markolini sylaglandy. Pandemiýasy sebäpli şu ýyl gurnalan meşhur “World Pastry Stars 2020” ýyldyz sergisi onlaýn görnüşde bolup geçdi. Emin agzalary biragyzdan bu belgiýaly konditer aşpezini ökdeleriň biri hökmünde saýlady. Markolini 1995-nji ýylda Fransiýanyň Lion şäherinde konditer önümleri boýunça dünýä çempiony diýlip yglan edildi. Şol ýylda konditer aşpezi Brýussel şäherinde “La Maison Pierre Marcolini” atly şokolad kompaniýasyny esaslandyrdy. Markoliniň toparynda jemi 15 adam zähmet çekýär.

Pýer Markolini: “Bu dereje meniň 25 ýyllyk karýeramyň täji bolup durýar. Şeýle hem işimize mundan beýläk hem dowam ederis. Özboluşly süýjüleri ýa-da konditer önümlerini döredip, dürli düşünjeleriň üstünde işläp toparymyzy we kompaniýamyzy ösdürýäris. Konditer dükanyny döwrebaplaşdyrmak, şokolad dünýäsini döwrebaplaşdyrmak arkaly köp zat gazandyk diýip, belleýär.

Häzirki wagtda Belgiýadan başga-da Fransiýada, Angliýada, Ýaponiýada we Hytaýda 40-dan gowrak dükanlary bar.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar

2026-njy ýylda Gazagystana haýsy dünýä ýyldyzlary geler