SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäniň iň gowy howa menzili sanawynda Katar birinjiligi eýeledi

Angliýada ýerleşýän we awiasiýa ulgamynda iş alyp barýan “Skytrax” kompaniýasy dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň sanawyny taýýarlady.

Bu kompaniýa tarapyndan her ýyl taýýarlanan sanawda soňky birnäçe ýyldan bäri dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň sanawynda birinjiligi Singapuryň “Çangi” aeroporty eýeläp gelýärdi. Üstümizdäki ýylda bu derejä Kataryň “Hamad” halkara howa menzili eýe boldy.

Türkiýäniň iň köp syýahatçy çekýän Stambul şäheriniň täze aeroporty dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň sanawynda ilkinji onluga girdi.

“Skytrax” kompaniýasynyň sanawyna görä, 2024-nji ýylyň iň gowy howa menzilleri:

  1. “Hamad” – Katar
  2. “Çangi” – Singapur
  3. “Inçeon” – Günorta Koreýa
  4. “Tokio” – Ýaponiýa
  5. “Narita” – Ýaponiýa
  6. “Şarl de Goll” – Fransiýa
  7. “Dubaý” – BAE
  8. “Mýunhen” – Germaniýa
  9. “Sýurih” – Şweýsariýa
  10. “Stambul” – Türkiýe

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy