BIZNES

Dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawy belli boldy

“Bloomberg” žurnaly dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawyny taýýarlady. 238,2 milliard dollar baýlygy bilen birinji ýerde “Walmart” supermarket zynjyryna eýe bolan Uolton maşgalasy barýar.

Fewral aýynda Uolton maşgalasy kompaniýanyň 6 milliard dollarlyk paýnamasyny satdy we soňky 12 aýda baýlygy 12 milliard dollar artdy.

Sanawda ikinji orny “Mars” maşgalasy eýeledi. Olaryň baýlygy 141,9 milliard dollara deň bolup, bu maşaga “Mars” markaly şokolad önümleriniň satuwyny amala aşyrýar.

Üçünji orunda Koh maşgalasy durup, “Koch Industries” kompaniýaysnyň baýlygy 124,4 milliard dollara deňdir.

4-nji orunda Erme maşgalasy bolup, olar “Hermes” moda markasy bilen meşhurdyr. Kompaniýanyň baýlygy 111,6 milliard dollara deňdir.

Mundan başga-da, sanawda Ambani hindi maşgalasy (“Reliance Industries”) 93.7 milliard dollarlyk baýlygy, “Chanel” brendiniň eýesi bolan fransuz Werthaýmer maşgalasy 61,8 milliard dollarlyk baýlygy bilen sanawda öňdäki orunlary eýeledi.

“Bloomberg” žurnalynyň maglumatyna görä, 25 baý maşgalanyň jemi baýlygy 1,7 trillion dollar bolup, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, 22 göterim köpdür.

 

 

Meşhur boksçy prezidentlige dalaş etdi

Ýene-de okaň

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi