BILIM

Dünýäniň iň baý adamy öz uniwersitetini gurar

Amerikaly işewür Ilon Mask ABŞ-nyň Tehas şäherinde täze uniwersitet açmak baradaky meýilnamalaryny mälim etdi.

“Forbes” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň baý adamy hökmünde kesgitlenen Ilon Mask özüniň “Twitter” jemgyýetçilik sahypasyndan täze uniwersitet açmagy meýilleşdirýändigini, onuň hem Tehas Tehnologiýa we ylym instituty boljakdygyny mälim etdi.

“SpaceX” we “Tesla” kompaniýalarynyň esaslandyryjylaryndan Ilon Mask täze açmagy meýilleşdirýän ýokary bilim edarasynyň adynyň iňlis dilinde “Texas Institute of Technology & Science” diýlip atlandyryljakdygyny belledi.

Ilon Maskyň özi Kongston Korollyk uniwersitetinde 2 ýyl bilim aldy. Soňra Pensilwaniýa uniwersitetinde geçdi we bu ýerde fizika we ykdysadyýet boýunça bakalawr derejesini aldy. Şeýle hem ol Stenford uniwersitetinde hem belli bir möhletde bilim aldy.

 

Moldowa we “Gazprom” ylalaÅŸdy

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri