SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäniň iň arassa howaly sebitini bilerin diýseňiz

Ýaňy ýakynda gözlegçiler ýer ýüzündäki iň arassa howaly sebitini mälim edendiklerini habar berdiler. Ýakynda geçirilen gözleglere görä, adam täsiriniň az bolan Antarktidany gurşap alýan Günorta ummany Ýerdäki iň arassa howaly ýeri hasaplanýar.

Gazylyp alynýan ýangyçdan peýdalanmak, gözegçiliksiz oba hojalygy, dökün öndürmek we galyndylary degersiz ýere zyňmak ýaly endikler biziň 7,5 milliarddan gowrak adamyň ýaşaýan Ýer planetamyzyň howasyny hapalady.

ABŞ-nyň Kolorado döwlet uniwersitetiniň gözlegçiler topary Ýerdäki iň arassa howany tapmaga synanyşdylar. “Proceedings of the National Science Academy” žurnalynda çap edilen gözlegleriň netijelerine görä, Antarktida materigini gurşap alan Günorta Okeany ýer ýüzündäki iň arassa howanyň tapylan ýeri hökmünde hasaba alyndy.

Howanyň hapalanmagy dürli himiki serişdeler, gaty we suwuk bölejikler we howada saklanan gazlar sebäpli ýüze çykýar. Adamlaryň işjeňligi sebäpli howanyň çalt üýtgemegi bilen alymlar we gözlegçiler Ýeriň adamlara täsir etmeýän bir burçuny tapmak üçin göreşýärler.

Gözleg topary howadaky bakteriýalary aşaky atmosferanyň häsiýetlerini çykarmak üçin anyklaýyş guraly ulanandyklaryny aýtdy. Alymlar bu sebiti “hakykatdanam bitewi” diýip atlandyrdylar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hasabatyna görä, howanyň hapalanmagy eýýäm global jemgyýetçilik saglyk krizisidir. Howanyň hapalanmagy sebäpli her ýyl ýedi milliona golaý adam ölýär diýip, bu halkara gurama habar berýär. Geçirilen gözlegler howanyň hapalanmagynyň ýürek keselleri, insult we öýken rak keseliniň ýokarlanýandygyny görkezýär.

Koronawirus howanyň hapalanmagyny azaldar

Hytaýda başlanan we birnäçe aýyň içinde dünýä täsir eden koronawirusynyň döremegi, howasy hapa sebitlerde has köp adamynyň kesellemegine sebäp bolýar.

Garward uniwersitetinde geçirilen gözlegde, Covid-19 howanyň hapalanan ýerlerde keseliň ýokuşma derejesiniň 20 esse ýokarlanýandygy anyklandy.

NASA tarapyndan neşir edilen hemra suratlarynda koronawirusynyň ýaýraýan döwründe kärhanalaryň önümçiligi we adamyň hereketini çäklenmegi netijesinde, howanyň hapalanmagy ep-esli azaldy.

 

 

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy